Ýurdumyzyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanyp, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ders bäsleşikler geçirilýär. Birnäçe dersler boýunça olimpiadalar Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde gurnalýar. Bäsleşigiň resmi dili iňlis we türkmen dilleri bolar. Uniwersitetleriň her biri, olimpiada gatnaşjak birnäçe talyby hödürläp biler. Dalaşgärleriň sanynda belli bir çäklendirme ýok.
- Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin iňlis dilinde makala ýazmak bäsleşigi 20.11-05.12.2021 aralygynda geçiriler. Makala ýazmak bäsleşigi iki kategoriýada geçiriler. 1-nji kategoriýa žurnalistikanyň esasy talyplary üçin, 2-nji kategoriýa bolsa beýleki (žurnalistika däl) esasy talyplar üçin degişlidir.
- Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin 2-nji onlaýn filosofiýa olimpiadasy, 15-20.11.2021 aralygynda geçiriler. Olimpiadanyň resmi dili iňlis we türkmen bolar. Bäsleşik, filosofiýa bilen gyzyklanýan Türkmenistanyň uniwersitet talyplarynyň arasynda geçiriler. Jemleýji netijeler 20.11.2021-nji ýylda resmi taýdan yglan ediler.
- Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin 2-nji onlaýn hytaý dili olimpiadasy, 15-20.11.2021 aralygynda geçiriler. Olimpiada hytaý dili bilen gyzyklanýan Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçiriler. Bäsleşikde iki kategoriýa bolar: A we B kategoriýa. A kategoriýa hytaý dili we edebiýaty hünäri boýunça okaýan talyplar üçin, B kategoriýasy beýleki hünär okuwçylary üçin. Bäsleşigiň jemleýji netijeleri 20.11.2021-nji ýylda resmi taýdan yglan ediler.
- Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin 2-nji onlaýn ykdysadyýet olimpiadasy 15-20.11.2021aralygynda geçiriler. Bäsleşik ykdysadyýet bilen gyzyklanýan Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçiriler. Bäsleşigiň resmi dili iňlis we türkmen bolar. Bäsleşigiň jemleýji netijeleri 20.11.2021-nji ýylda resmi taýdan yglan ediler.
- Häzirki zaman türkmen jemgyýetinde uniwersitet talyplary onlaýn olimpiadasy 15-20.11.2021 arasynda geçiriler. Bäsleşigiň resmi dili iňlis we türkmen dilleri bolar. Bäsleşigiň jemleýji netijeleri 20.11.2021-nji ýylda resmi taýdan yglan ediler.