BIZNES

Türkmenistan bilen Eýran demirýol ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Eýranda saparda bolýan Türkmenistanyň wekiliýeti ýurduň birnäçe ministrliklerinde gepleşikler geçirdi. Türkmen wekiliýeti Eýranyň Ýol we şähergurluşyk ministrliginde duşuşyklar geçirdi.

Eýranyň “IRNA” agentliginiň habaryna görä, Eýranyň ýol we şähergurluşyk ministri Rostam Kasemi Türkmenistan bilen ulag, energetika we söwda ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belläp, Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda demirýol üstaşyr geçişini iki esse artdyrmak babatda ylalaşyk gazanylandygyny belledi.

Eýranyň ministri koronawirus pandemiýasyndan ozal, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklarda örän oňat netijeleriň gazanylýandygyny we söwda dolanyşygynyň möçberiniň ençeme milliard dollara barabar bolandygyny belledi. Koronawirus ýokanjy sebäpli söwda gatnaşyklarynyň birneme peselendigini mälim etdi.

Ministr Rostam Kasemi Türkmenistan wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda 3 ugur boýunça gatnaşyklaryň ösdürilmegine degişli möhüm ylalalşyklaryň gazanylmagy ugrunda tagalla edilendigini belledi.

Rostam Kasemi tebigy gaz we elektrik energetikasy ulgamlarynda möhüm ylalaşyklaryň gazanylandygyny we bularyň gutarnykly şertnamalara goşuljakdygyny belledi.

 

Eýranyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Ýene-de okaň

Russiýa bilen Türkmenistan gara metallaryň önümçiliginiň üstünde işleýärler

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Russiýa” senagat ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmen telekeçileriniň London şäherine iş sapary guralar

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi