DÜNÝÄ

Eýranyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Sayed Ebrahim Raisi Tähranda gulluk iş saparynda bolýan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetini kabul etdi.

Bu barada Eýranyň Prezidentiniň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär. Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Eýranyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň syýasy erki bilen ikitaraplaýyn. sebitara hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegi iki ýurduň arasynda sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berip, sebitde parahatçylyga we durnuklylygy üpjün eder.

Tähran bilen Aşgabadyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da giňeldilmegi üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çeken Eýranyň Prezidenti iki ýurduň bähbitlerine jogap berýän energetika we üstaşyr ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkindigini belledi.

Türkmenistanyň Eýran bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ähmiýet berýändigini bellän Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýran bilen nebit we gaz, ulag we söwda ýaly dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk edýändigini belledi.

 

Türkmen-eýran syýasy geňeşmeler geçirildi

Ýene-de okaň

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň daşary ýurt ilçihanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler

Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda nobatdaky parlamentara duşuşygy geçirildi