DÜNÝÄ

“Triceratops” skeleti 6,6 million ýewro satyldy

Uzynlygy 21 metr bolan dinozawr skeleti Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilen auksionda 6,6 million ýewro, garaşylýandan dört esse gymmat satyldy. “Big John” diýlip atlandyrylan 66 million ýaşly iň uly “triceratops” dinozawr skeleti ABŞ-nyň hususy kolleksioner tarapyndan satyn alyndy. Satuw Pariždäki “Drouot” auksion öýünde geçirildi. Bu ýerde “Big John” galyndylaryň, meteoritleriň we beýleki tebigy taryhy eserleriň hazynasy bilen bilelikde hödürlenildi.

Şeýle-de bolsa, bu skelet ilkinji gezek 2014-nji ýylda Günorta Dakotada geolog Walter W. Stein Bill tarapyndan tapyldy. Dinozawr Alýaska bilen Meksikanyň arasynda ýerleşýän gadymy Laramidiýada ýaşandygy çaklanylýar.

Gazuw-agtaryş işlerinden soň, palçykly dinozawr galyndylarynyň hakyky ululyklaryny görüp bilmek üçin skeletler Italiýada gaýtadan dikeldildi.

 

“El Klasiko”: “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda

Ýene-de okaň

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy

Türkmenistan BMG-de ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça milli tejribesini tanyşdyrdy

Türkmenistanda «e-TIR» ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça çäreler geçirilýär

Ahalteke atlarynyň Niderlandlardaky çempionatyna taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy