SÖHBETDEŞLIK

Aýjeren Rejebowa : Ykbalymyň saýlan hünäri teležurnalistika

Arzuwlar ynsany maksada golaýlaşdyrýar. Maksat bolsa ýoluň esasy menziline, ýagny myrada ýetirýär. Bularyň özeninde bolsa irginsiz zähmet ýatyr. Çekilen irginsiz zähmetiň hökman miwesini berýändigine bolsa biz, Aýjereniň beren gürrüňlerini diňlänimizde-de göz ýetirdik. Mähriban okyjylar biz, ýurdumyzyň teleýaýlymlarynda eýýäm 15 ýyl bäri irginsiz zähmet bilen abraý gazanan Aýjeren Rejebowa bilen geçiren söhbetdeşligimizi “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalymyzyň www.atavatanturkmenistan.com  saýtymyzda size ýetirmegi makul bildik.

Aýjeren çakylygymyzy kabul edip, geleniňiz üçin žurnalymyzyň adyndan köp sagbolsun aýdýaryn. Ata-babadan gelýän ýörgünli sözümiz bar “ Hakyky zehin iki daşyň arasynda galsa-da, syzylyp çykar”diýilýär. Bu ugra bolan zehin sizde haçan döredi?

-Köp ynsanda bolşy ýaly, mende-de zehin çagalyk döwürlerimde peýda boldy.  Ýöne hakyky zehin hemişe adamyň içinde ýaşaýar. Ol zehini durmuşa geçirmegiň ýeke-täk ýoly bar. Ol hem zähmet eken. Bu ugra gadam basmaklyk bolsa mende, tötänleýin boldy. Ýöne, şol tötänlige megerem meniň kalbymdaky ýiti zehinim, çagalykda eden arzuwym sebäp bolandyr, diýip pikir edýärin. Maýa Ýazjanowa diýip başlangyç synpda okadan mugallymym bar. Ony gowy görenim üçin häzirlerem gatnaşyk saklaýaryn. Sebäbi ol çagalaryň zehinine uly hormat goýýardy. Heniz başlangyç synpda okaýan wagtlarymyz bolsa, okuwçylardan ýekeme-ýeke gelejekde näme bolasy gelýänini sorady. Gezek maňa ýetdi. Men “žurnalist” diýip jogap berdim. Ýöne žurnalistikanyň nämedigini bilmeýärdim. Hat-da biziň maşgalamyzda bu ugurdan hiç hili gyzyklanýan hem ýokdy.

-Onda 9 – 10 ýaşly Aýjereniň diline “žurnalist” diýen söz nireden geldi?

-“Žurnalist” diýenimiň sebäbi hakynda şuny aýdyp bilerin. Çagalygymda mende mawy ýaýlyma bolan söýgi döredi. Teleýaýlymda Braziliýanyň önümleri bolan gyzykly bölümleýin flimler berilýärdi. Bu flimlere maşgalamyz bilen tomaşa ederdik. Şol filmleriň biri maňa şeýle bir täsir etdi. Kinonyň gahrymanlary – Žula  we Şika Mantanadyr. Olaryň  adyny unutmasam-da, filmiň adyny unudypdyryn. Kino fotožurnalist bolup zähmet çekýän iki gahrymanyň gapma-garşylygy dogrusynda gidýärdi. Žurnalistleriň gapma-garşylygy filmiň soňunda söýgi bilen tamamlanýar. Dilime şol wagtlar “žurnalist” sözüniň gelmegine bolsa bu film sebäp boldy. Çagalygymda-da mekdebimiziň garşysyndaky “Nowçalar” öýüniň folklor, çeper döredijilik, çeper okaýyş toparlaryna gatnaýardym. Alypbaryjy bolasym gelip, köp gepleşikleri ýaýlymlarda tomaşa edýärdim.

Aýjeren teleýaýlyma nähili geldiňiz?

-Teleýaýlyma meni, telewideniýada işlemek höwesi getirdi. Orta mekdebi tamamlap, telewideniýa haýsy wezipe bolsa-da işe ýerleşmek isledim. Ýöne şowsuz tamamlanan synanşyk meni gynandyrdy. Şonda ejem maňa “sabyrly bolmagymy hem-de öňümde üstünlikli menzilleriň garaşýanyny” aýtdy.  Eneler  hakykatdan hem duýgur eken. “Bendäm bendäme sebäp” diýilýär. Günleriň bir güni ejem  synp ýolbaşçym bilen gabatlaşýar. Men hakynda maglumat alýar. Şeýlelik bilen ýokary synp ýolbaşçym Gülnar Hudaýgulyýewanyň maslahat bermegi bilen  “Miras” teleýaýlyma  “administrator” wezipesinde 2006-njy ýylyň 5-nji sentýabrynda işe ýerleşdim.

-Ilkinji gepleşigiňizi haçan taýýarlap, alyp bardyňyz?

-Administrator wezipesinde üç ýyllap zähmet çekdim. Ýöne ýaýlymda ilkiler gepleşik alyp barmaýardym. Bu wezipede gepleşikler taýýarlanylýan wagty redaktorlara guramaçylyk işlerine kömek edýärdim. Hat-da şol  döwürler gepleşik alyp barmaga höwesim gaçdy. Sebäbi redaktor wezipesiniň kynlygyna göz ýetirdim. Bir gezek redaktorlaryň biriniň zerur işi çykyp, ýazga gidip bilmedi. Ol hem gyssagly ýagdaýda ýerine meniň gitmegimi isledi. Boýun gaçyrman, gitdim. Baran ýerimde-de başlygym Bägül Nurmyradowa Çarygulyýewna hormatly myhman hökmünde çagyrlypdyr.  Şol pursatda gözastyndan meniň yhlasly işleýşimi synlapdyr. Ana, şol günden soň başlygym maňa gepleşik taýýarlamagy maslahat berdi. Men ilki boýun gaçyrdym. Sebäbi ýokary bilimim ýoklugy üçin, döwrebap gepleşigi taýýarlamagy başarmaryn öýtdim. Bägül Nurmyradowa şeýle bir  paýhasly, akylly zenan bolany üçin mende ynam döretdi. Ine, şeýlelik bilen men administrator wezipesinde ilkinji gepleşikleri taýýarlap, alyp baryp başladym.

-Ilkinji halypaňyz Bägül Nurmyrdowa ekendä onda?

-Hawa, ol maňa ilkinji bolup, bu ugurda köp zatlary öwreden ynsan.

Aýjeren ýaňy gepleşigimizde, şol wagtlar ýokary bilimiňiziň ýokdugyny belläp geçdiňiz. Ýokary okuwa synanyşmadyňyzmy?

-Elbetde, synanyşypdym. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine üç gezek synanyşygym şowsuz tamamlandy. Ýöne “Her işde haýyr bar” diýleni hakykat eken. Muny maňa durmuş subut etdi.

-Ilkinji taýýarlan gepleşigiňiz ýaýlyma haýsy at bilen gitdi?

-Ilkinji gepleşigim “Mähir siňen mirasym” ady bilen ýaýlyma gitdi. Bu gepleşigim milli el-işlerimiz dogrusynda-dy. “Jennet mekanym!” gepleşigi bolsa alyp barýardym. Soňra “Kalbymyň owazy” atly gepleşigi taýýarlap hem alyp barmagy maňa ynandylar. Bu gepleşik birnäçe sahypadan ybaratdy. Tomaşaçylar gyzgyn garşylandyr diýip umyt edýärin. Sebäbi meniň ýokary okuwa girmegime şol gepleşik sebäp boldy.

-Meniň bilşime görä, siz TDMI-ni üstünlikli tamamladyňyz. Ol ýerde size bu ugurda ýokarda  bilim beren mugallymlaryňyz hakda hem ýatlap geçseňiz?

-TDMI-de biziň birnäçe halypalarymyz bar. Olardan ilkinji nobatda “Teleradio gepleşikleri guramak we alyp barmak” hünärinden we ugurdaş derslerden Sungaty öwreniş ylymlarynyň Kandidaty, žurnalist Sähragül Janmämmedowa tälim berip, köp zatlary öwretdi. Soňra bolsa Bilbil Baýramowa, Orazmyrat Gummadow, Gülbahar Kulowa dagynyň adyny hormat bilen agzap biljek. Bu ussat halypalarymdan sungatyň we durmuşyň inçe ýollaryny öwrendim. Talyp döwürlerim hem 0,5 zähmet haky bilen “Altyn asyr” teleýaýlymynda zähmet çekdim.

-Talyp bolup okamak we işlemek kyn düşmeýärdimi?

-Hiç hili kynçylyk ýokdy. Sebäbi okaýan ugrumdan zähmet çekýärdim. Ylmy nazaryýetde alýan bilimimizi, tejribäniň üsti bilen has-da kämilleşdirýärdim.

-“Altyn asyr” teleýaýlymyna baran wagtlaryň size ilki nähili gepleşikleri ynandylar?

-Ilki çeper-publisistik žanrda birnäçe gepleşikleri taýýarladym. Ýagny durna, suw, durmuş  barada gepleşikleri taýýarlap ýaýlyma berýärdim. Bu ýaýlymda ilki “Döredijilik söhbeti” gepleşigi hem alyp bardym.

Aýjeren halk sizi esasy “ Myhmançylykda” gepleşigiňiziň üsti bilen tanaýar. Bu gepleşigiňiz barada hem gürrüň beräýseňiz.

-Myhmançylykda gepleşigini 2014-nji ýylda ýola goýduk. Şol wagtdan, häzirki güne çenli gepleşigim yzygiderli ýaýlyma gidýär we halkyň gyzyklanamgyna itergi berdi. Gepleşigiň awtory hem alypbaryjysy özüm. Bu gepleşigi açmagyma şol döwürdäki bölüm müdirim Begenç Geldimämmedow maslahat berdi. Ol köp şowhunly, halkyň söýgüsini gazanan gepleşikleriň awtorydy. Gepleşigimiň ilkinji sanyny halkyň söýgüsine mynasyp bolan wäşi artist Myrat Orazmyradowyň maşgalasynda taýýarladyk. Gepleşik diýseň şowly çykdy we gowy kabul edildi. Ondan soň bagtly maşgalalaryň birnäçesinde mhmançylykda bolup, Watanymyzyň ösüşine goşant goşýan adamlaryň zähmet ýollary we bitiren işleri dogrunda söhbetdeşlikler taýýarlap halka ýetirdik we ýetirýäris.

-Bu gepleşigiň meşhurlyk gazanmagyna näme sebäp boldy?

-Ilkinji nobatda gepleşige gatnaşyjylaryň, halkyň meşhur diýip ykrar eden adamlary bolmagy, üstesine-de gepleşigiň esasy maksadyny halka açyp görkezmegimiz gepleşigimiň meşhurlyk gazanmagyna uly itergi berdi. Galyberse-de, şol üstünlikli adamlaryň çeken zähmet ýoly we maşgala durmuşy baradaky gyzykly maglumatlaryny döwrüň keşbi bilen halka ýetirmegimiz gepleşigiň meşhurlyk gazanmagyna sebäp boldumyka diýýärin. “Myhmançylykda” gepleşigim gowy kabul edilip, 2016-njy ýylda  Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden  “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň hem ýeňijisi boldy.

-15 ýyllyk tejribäniň üsti bilen nämeler öwrendiňiz?

-Adamlaryň hersiniň häsiýetine görä, durmuşyny kabul etmekligi öwrendim. Adamlar bilen söz alyşmagy we durmuş ýolumda gabat geljek adamlary tanamagy öwrendim.

-Ömrüňizde size berlen iň gowy maslahaty biziň bilen hem paýlaşsaňyz.

-Ömrümde berlen maslahatlar köp boldy. “Saňa tarap gelýän ýagdaýy bolşy ýaly, kabul etmeklik. Hemişe we hemişe maksadyň boýunça ýaşamaklyk we bir zatdan göwnüň geçmezligi üçin birinden bir zada garaşmazlyk”. Bu maslahaty hiç unutmaýaryn.

-Durmuşda her kim üçin belli bir zat bagt. Siz üçin bagt näme?

-Bagtyň keşbini her kim bir zatda görýär . Her bir minudyň, sagadyň, günüň özi hem bagt. Agşamlaryna ýatmazymdan öň ertirki günümiň  keşbini hyýalymda janlandyrýaryn. Hyýalymyň durmuşa geçmegi meniň üçin iň uly bagt.

Aýjeren maşgala gurmak bagtyna nähili garaýarsyňyz, bir eýýäm siz üçin oňa-da wagt geldimika diýýärin?!

-Dogry bir eýýäm wagt bolandyr durmuş gurmaga, ýöne ykbal meni şol ýola entäk itermedi. Men maşgala bagt guşuma häzirem garaşýaryn. Näme üçin bagt guşy diýip atlandyrýan, sebäbi bu babatda bir dananyň aýdan sözi bar. Asla gyssanmazlyk. “Eger-de ýazgyt bolsa, wagty gelen bolsa seniň duýmaýan pursadyňda şol gün geler” – diýip aýdýar. Hat-da “ajal, bagt, hakyky dost” duýdansyz gapy kakman geler diýýärler. Bagt seniň depäňde uçup  gezýärmişin, ýöne haçan başyňa gonjagynyň bellisi bolmaýar. Emma bir gün wagty gelende hökman gonýar. Şonuň üçin hem şol bagt guşy depämde uçup ýör diýip hasaplaýaryn.

-Şu güne çenli maksadyňyza ýetmek üçin nämä has uly ynam baglaýarsyňyz? Aklyňyzamy ýa umydyňyza?

-Men aklyma has uly ynam baglaýaryn. Umyt etmeklik gowy, çäresiz adamlar umyt edýär. Umyt bir aýry, ýöne şoňa akyl ýetirmeklik bir aýry. Aklyň bilen hereket etseň ýalňyşmazlygyň ikuçsyz. Elbetde, ýalňyşmaýan adam ýok. Ýalňyşlykdan gorkmaýan, ýöne töwekgelligi  hem elden bermezlige çalyşýan.

-Nähili biçüwdäki köýnekleri geýinmegi halaýarsyňyz?

-Döwrebap biçüwdäki köýnekleri gowy  görýärin. Täze lybas hem adamyň şatlanmagyna itergi berýän zatlaryň biri. Sebäbi  täze  lybas tikinsem, özümi bagtly hasap edýärin, çaltrak geýmäge gyssanýaryn.

-Size durmuşda näme lezzet berýär?

-Ilkinji nobatda men gözellikden we dürli bezeglerden lezzet alýaryn. Ikinji nobatda dana we akylly adamlar bilen pikir alyşmakdan, soňra bolsa täsirli kitaplary okamakdan we daşary ýurt dillerini özleşdirmekden lezzet alýaryn.

Daşyňyzdan size agras häsiýetdäki adam höküminde baha berýärler. Siziň bilen geçiren söhbetdeşligimiň dowamynda bu häsiýetiň sizde ýokdugyna göz ýetirdim. Içki duýgyňyzy daşyna çykarmazlyk we aýan etmezlik size nähili başartýar?

– Şahyr diýýär-ä “kynçylyk ýok, ejizlik bar dünýäde”. Ejizlän pursatlarymda  meniň bar güýjim gözümiň ýaşynda we içki harasymda jemlenen. Ýöne bu häsiýetime köpler düşünmeýär. Şonuň üçin hem köp häsiýetlerimi içimde saklamaly bolýaryn.

-Maşgalaňyz barada gürrüň berseňiz.

-Maşgalamyzda men dört çaganyň içinde ikinji perzent. Iki gyz we iki oglan. Jigi-doganlarymyň içinde diňe men sungat ýoluny saýlap aldym. Kakam bütin ömrüne awtoulaglara hyzmat ediş kärhanasynda dürli wezipelerde zähmet çekdi. Ejem hünäri boýunça ykdysatçy, ýöne häzirki güne çenli öý hojalykçy bolup gelýär.

-Bu ugurda tälim berýän şägirtleriňiz barmy?

-Şägirdim ýok. Ýöne ýokary okuw mekdebini tamamlap, teleýaýlymyň işgärlerini taýýarlan mekdepde, höwesjeň oglan-gyzlara “sözleýiş diliniň tehnikasyndan” sapak berýärdim. Okadan talyplarymyň şu wagt käbirleri ýokary okuw   mekdebinde okuwyny dowam edýärler, käbirleri bolsa teleýaýlymlarda zähmet çekýärler. Bu ugurda ýaşlaryň kemala gelýändigine, höwesleriniň bardygyna men begenýärin.

Aýjeren beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin sagboluň. Ýürek arzuwlaryňyz bardyr, biz bilen paýlaşsaňyz.

-Ilki bilen hormat bildirip çagyranyňyz üçin köp sagbolsun aýdýaryn. Işiňizde üstünlikler ýar bolsun! Geljekde-de döwrebap, gyzykly gepleşikleri taýýarlap halka ýetirmek isleýärin. Arzuwlarymyzyň durmuşa ornaýan zamanynda ýaşaýarys. Bu bagty peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

-Size-de saýlap alan hünäriňizde üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýärin. Sagboluň!

 

Şahsy maglumatlary:

Halaýan reňkleri: Goýy gyzyl gök we ýaşyl, ak.

Doglan senesi: 1989-njy ýylyň 29-njy sentýabry.

Okan mekdebi: Aşgabat şäheriniň 25-nji orta mekdebi.

2016-njy ýylyň Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi.

 

Söhbetdeş  bolan : Miwe Jumadurdyýewa “Miras” teleýaýlymynyň redaktory.

 

“Makul Sözlük” indi türk dilinde : 3 dilde onlaýn sözlük

 

Zyba zybanly Zybagözel

 

Rüstem Hallyýew – sungata baglanan ykbalym!

 

 

Ýene-de okaň

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda

Maýsa Myradowa: ýaşlygyma ýoldaş bolan sungatym

Gözel HOJAÝEWA: kalbymyň namasy aýdym-sazymda