JEMGYÝET

Ärdogan hormatly Prezidentimizi Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlady

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidentini Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk şanly baýramçylygy bilen gutlady.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň iberen gutlag hatynda şeýle diýilýar.

– Siziň Alyhezretiňiziň ýolbaşçylygynda ösüşiň köp ugry boýunça giň gerimli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Şolaryň netijesinde-de, Türkmenistan abadançylygyň we durnuklylygyň merkezine öwrüldi.

Dilimiziň, medeniýetimiziň, taryhymyzyň hem-de ruhy gymmalyklarymyzyň umumylygyna esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň geljekde-de ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, sebit we halkara derejelerinde hem has-da ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz bilen bilelikdäki işiň netijesinde, gazanylan üstünlikleri has-da artdyrmaga umumy gyzyklanmalarymyzyň bardygyny şatdyryn.

Ýakyn wagtda Türkmenistana ozaldan meýilleşdirilen saparymy amala aşyrmagy maksat edinýärin. Öňde boljak sapar biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklarda täze sahypany açjakdygyna ynanýan.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentine BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, HHR-iň Başlygy Si Szinpin, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jo Baýden we beýleki köp sanly döwlet Baştutanlary gutlag hatlaryny iberdiler.

Baýden Türkmenistany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Ýene-de okaň

Iýul aýynda Aşgabatda türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň mejlisi geçiriler

Türkmenistanda Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni we Azerbaýjan Medeniýet günleri bellenildi

Aşgabatda “Azerbaýjanyň milli mirasynyň merjeni” atly sergi geçirildi

Gazagystanda syýasy özgertmeler: Halk geňeşi we bir palataly parlament döredildi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio Merkezi Aziýada saparda bolar

Türkmenistanda täze kazylar wezipä bellendi