SÖHBETDEŞLIK

Rüstem Hallyýew – sungata baglanan ykbalym!

Aýdym-sazyň jadylaýjy güýji islendik adama täsirini ýetirýär. Bu jadyly sungat her bir adamyň dosty, göwün syrdaşy diýsek hem ýerine düşer. Çünki, aýdym-saz ynsanyň gamlanan, pikirlenen, şatlanan pursatlaryna teselli berýän iň ýakyn hossar. Hat-da, psiholog luklamanlar  hem aýdym-sazyň ynsan saglygyna ýetirýän oňyn täsiriniň uludygyny belleýärler. “Ata kesbi, ogla halal”  diýen ýörelgä eýeren, kakasy Röwşen Hallyýewiň kesbini kemal eden, ýaş zehinli aýdymçy ýigidimiz Rüstem Hallyýew bilen ýakynda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty üçin  söhbetdeşligi ýazga  geçirip, size ýetirmegi makul bildik.

Rüstem ilki bilen çakylygymyzy kabul edip, myhman bolanyňyz üçin, öz adymdan we “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň adyndan hoşallygymyzy bildirýäris. Söhbetdeşligimiziň başyny öňden gelýän, ýörgünli soraglarymyz bilen başlamakçy.  Aýdym-saza bolan zehiniňi haçan duýduň ýa-da  kim tarapyndan duýuldy?

Size-de sagboluň, hormat bildirip çagyranyňyz üçin! Sözümiň başynda, ömrüni sungat ýoluna bagyş eden, aýdym-sazy bilen halkyň söýgüsine mynasyp bolan kakam Röwşen Hallyýew barada ýatlamakçy.  Kakam 13 dogan eken, ol daýysyna, has dogrusy atama ogullyk berilýär.  Meniň enem hem güýçli tebip bolan eken. Şol döwür, Orazgeldi Ylýasow (Sygan bagşy hem diýlip tanalýar) agyr ýarawsyzlyk bilen, şol wagtky Gyzylarbada enäme em etdirmäge gelipdir. Kakam ol wagtlar gundagda ýatan bäbejik eken. Orazgeldi Ylýasow aglaýan çagajygyň sesini eşidende, çaganyň agy sesiniň beýleki çagalaryň sesinden tapawutlydygyny, owazly çykýandygyny aýdyp, yrym bilen çaganyň agzyna tüýkürip ak pata beripdir. Her bagşy sungat ýoluna, bir ussada öýkünmek bilen başlaýar, soňra öz ýoluny tapýarlar. Kakam Türkmenistanyň halk artisti Atabaý Çarygulyýewiň şägirdi hökmünde tanalypdyr. Sungata öz halypasynyň ýolundan başlap, soňra aýdymda özüne täze ýol döredip, halkyň söýgüsine mynasyp bolýar. Ýöne kakamyň ömür ýoly gysga eken, heniz men 8 ýaşymda wagtym dünýäsini täzeleýär. Maşgalamyzda özümden uly agam hem aýdym aýdardy. Men hem sungaty ýaşlygymdan söýýärdim, ýöne tä orta mekdebi tamamlaýançam aýdym aýtmadym. Kakamyň aýdymlaryny diňläp, mende-de aýdym aýtmaga bolan höwes döräp başlady. Şeýdip, 22 ýaşymda, 2015-nji ýylda aýdym-saz älemine ymykly gadam basdym. Hat-da şol ýyl, “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigine gatnaşyp, baýrakly orna mynasyp boldum. Kakam bolsa meniň, bu ýolda ilkinji we gaýybana halypam.

Onda sungat älemindäki ilkinji gadamyňyz siz üçin üstünlikli bolupdyr-da?!

Hawa.

Bäsleşikde haýsy aýdymlar size ýeňiş getirdi?

Bäsleşigiň şertine görä, iki aýdym ýerine ýetirmeli. Men hem kakamyň döreden ”Diýarym, Diýarym, Ýaňlan, Diýarym!”atly aýdymyny hem-de halypalaryň  “Diňe seň üçin!” atly halk aýdymyny ýerine ýetirip, ýeňiş gazandym.

Kakam 1993-nji ýylda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginde ilkinji gezek, ”Diýarym, Diýarym, Ýaňlan, Diýarym!” aýdymy bilen  üstünlikli çykyş edipdir. Men hem kakam ýaly döwlet derejesinde, şol aýdymy ýerine ýetirmegi maksat edindim. Tutan maksadyma 2015-nji ýylda ýetdim.

Şu ýerde üstünlik barada az-kem gürrüň beräýseňiz. Islendik adam üstünlik gazanyp bilermi?

 Elbetde, islendik adam üstünlik gazanyp biler hat-da çagajyk hem. Üstünligiň aňyrsynda bolsa, irginsiz çekilen zähmet ýatyr. Zähmet hem öz gezeginde ýadawsyzlygy, her bir işi soňuna çenli ýerine ýetirmegi talap edýär.

Şahyr :

“ Arzuw etmek aňsat,

 Oňa ýetmek kyn. ”

diýýär, bu ýolda nähili kynçylyklar bilen gabatlaşdyňyz?

 Hawa, kynçylyksyz ýetilen maksadyň miwesi hem süýji bolmaýar. Muňa men 2015-nji ýylda TDMI-na talyp  bolan döwürlerimde has-da göz ýetirdim. Ol wagtlar aýdym ýoluna ýaňy gadam basanym üçin belli sazandam ýokdy. Aýdymyň şowly çykmagyna bolsa, ilki bilen  sazyň orny uly bolup durýar. Aýdymda isleýän zadyňy, berip biljek sazandany tapmak hem aňsat däl-di. Köp zähmet çekdim. Indi şol geçilen kynçylyklardan soň, öz sazandam bilen halkymyza köp aýdymlary işläp ýetirdik we ýene ýetirmegi maksat edinýäris. Ynamyň, zähmetiň, yhlasyň birigen ýerinde bolsa, ýetilmejek menzil, ýeňip bolmajak kynçylyk ýok eken.

Ýokary okuw mekdebinde bu ugurda, size tälim beren mugallymlaryňyz bolandyr. Söhbedimizi şular dogrusynda dowam etsek.

 Sungatyň islendik görnüşinde halypa gerek. Men TDMI –nyň  “Medeni miras” bölüminiň “Folklor toparyny guramak we dolandyrmak” hünärinde okadym.

Bu ugurda bize Enejan Annageldiýewa atly mugallym köp zatlary öwretdi,  galyberse-de durmuş tejribesi esasynda öwrenenlerini hem biz bilen paýlaşypdy. Başga-da halypa mugallymlardan Gurban Tirkişow, Orazgeldi Gaşowdan aýdym-sazyň inçe ýollaryny öwrendim.

Halk köpçüligine ýetiren aýdymlaryňyzyň içinde şowsuz çykany boldumy?

Elbetde, bolupdy. Her bir aýdymça gelişýän äheň bolýar. Aýdym ýarym äheň beýik ýa pes aýdylsa, eýýäm aýdymyň hiline täsir ýetirýär. Ýaňy hem belläp geçişim ýaly, aýdymyň şowly çykmagy üçin sazandanyň orny has uly bolýar. Belli sazandamyň ýok wagtlary köplenç aýdymlarym şowsuz çykýardy.

Aýdymyň şowsuz çykanyny nädip bilýärsiňiz?

Işlän aýdymlaryňy ýerine ýetireniňde, ilki özüň duýmaly, özüň lezzet almaly. Özüň lezzet almasaň, duýmasaň, diňleýji nähili lezzet alsyn?!  Şeýlelik bilen, işlenen aýdymyň şowsuz çykandygyna göz ýetirýärsiň.

Aýdym-sazdan täze ýol tapmak mümkinmidir?

Elbetde, mümkin. Ýöne ummasyz köp zähmeti talap edýär. Meniň hem iň uly arzuwlarymyň biri kakam ýaly, öz  ýolumy döredip, şony hem goýup gidesim gelýär. Geljekki ýaşlaryň hem aýdymlarymy ýerine ýetirmegini isleýärin. Ilkibaşlarda toý-baýramlarda köne aýdymlary täzeçe görnüşde işläp ýerine ýetirsem, kakamyň aýdymlaryny aýtmagymy haýyş edýärdiler. Birnäçe ýyl köne aýdymlary döwrebaplaşdyryp, irginsiz zähmet çekip halka ýetirdim.  Mysal üçin: Halypalaryň ýerine ýetirip giden, “Daglara” diýen aýdymyny täze görnüşde işläp, “Türkmen owazy” teleýaýlymy bilen bilelikde şekile geçirdik. Halk gyzgyn garşylady. Indi köplenç çagalaryň hem hiňlenip ýören pursadyna-da gabat gelýärin.

Suratkeşe hyýalbentlik, alypbaryja çeper zybanlylyk möhüm bolup durýar. Siziň pikiriňizçe  aýdymça nähili häsiýetler möhüm?

Birinji bilen aýdymça ýiti duýgurlyk gerek. Sahnada duýup aýdym aýdanyňda halk hem özüň hem lezzet alýarsyň. Başda aýdym aýtmaga başlan wagtlarym, näme tondan aýdýanymy hem bilmeýärdim, diňe duýup ýerine ýetirýärdim.

Ilkinji gezek we häzirki sahna çykýan pursatlaryň täsiri barada gürrüň beräýseňiz?

Ilkinji sahna çykanymda kalbymda gorky emele geldi. Hat-da tomaşaçylaryň gözlerine bakmaga-da gorkýardym.  Aýdymy ýere bakyp hem gözlerimi ýumup ýerine ýetirýärdim. Soňra wagtyň geçmegi bilen halka-da, sahna-da öwrenişýän ekeniň. Bir zady öwrendim, sahna çykanyňda sahna meňki diýip çykmaly eken.

Dilimizde “sazyň güýji”, “aýdymyň güýji” ýaly söz düzümler köp duşýar. Muňa nähili garaýarsyňyz?

Bular gaty süýji zatlar. Şonuň üçin adama täsiri uly. Biz bilýäris, iýmitler bedeni taplaýar, bedene güýç berýär. Aýdym-sazlar bolsa adamyň  hem ruhuna hem-de  bedenine peýdaly täsirini ýetirýär. Şonuň üçin aýdym-sazyň güýji hemişe dilimizde.

Islendik ýaşda aýdymçy bolup bolarmy?

Aýdym-saz ýoluna men 22 ýaşymda gadam basdym. Iň uly agam menden 7 ýaş uludygyna garamazdan, aýdym aýtmaga indi höwes bildirip başlady. Şu wagta çenli hiç hili aýdym aýdyp görmedik. Diýjek bolýanym,  islendik ýaşda-da adamyň zehini oýanyp bilýär. Ýaş oglan ýetginjekleriň 14-18 ýaş aralykda ses çalyşýan döwri bolýar. Şol döwürde aýdym aýtmak , sesiň ýitmek howpuny döretýär. Sesiňi bir ýitirseň hem, soň yzyna gaýtaryp bolmaýar.

Siziň pikiriňizçe sesi nähili goramaly?

Ilki bilen sowuk howadan, sowuk suwlardan özüňi goramaly. Soňra,  bagşa iýmitden öňürti uky has wajyp eken. Uky ýetmese sese zyýan ýetip bilýär?

11– 12 ýaşly Rüstemiň arzuwy näme bolmakdy?

Çaga döwürlerim artist bolmak, sahnalara çykmak arzuwym bardy. Ýöne häzirki güne çenli sungat ýolundan daşlaşmadym.

Täze eserleriňizi günüň haýsy wagtynda işläp döredýärsiňiz?

Özüm ümsümlikden, rahatlykdan lezzet alýaryn. Bu zatlar bolsa, gijede jemlenen. Gijeleriň öwüşgini başgaça bolýar. Şonuň üçin sazandam Artyk Artykow bilen esasy gijelerine işleýäris.

Size ylham berýän zat näme?

Gynanan ýa-da tersine begenen pursadymda köplenç  ylham gelýär. Ýöne  gynançly wagtymda gelen ylham hakyky bolýar. Sebäbi gynanan mahalyňda içiňe ýalan girmeýär.

Ylham islendik wagt gelip bilýär. Mysal üçin ýolda pursadyňyz size ylham geldi, şony iş ýüzüne geçirýänçäňiz, nähili ýagdaýda özüňizde bellige alyp galýarsyňyz?

Ses ýazgysy arkaly belleýärin, eger ol mümkinçiligim şol pursatda ýok bolsa, unutmaz ýaly, tä iş ýüzüne  geçirýänçäm ýatlap gezýärin.

Aýdymlaryňyzy haýsy şahyryň sözlerine döredýärsiňiz?

 Aýdymyň üstünlikli çykmagynyň ýene bir ýoly onuň manysynyň ýokary bolmagy. Manyly, maňyzly ýazylan şygra döredilen aýdymyň ömri uzak bolýar. Men esasy Magtymguly atamyzyň sözlerine halk aýdymlary işleýärin, galyberse-de döwürdeş şahyrlardan Kerim Hallyýewiň sözlerine täze aýdymlary işläp halka ýetirýärin. Söýgi hakda, goşgulary ýazýan sazanda ýigidimiz Annameret Gurbanowyň sözlerine söýgi mowzugynda täze aýdymlary işleýärin. Şahyr ýazanda goşgy hökmünde ýazýar, kompozitor şahyr bolsa, aýdyma görä ýazýar.

 Islendik şahyryň goşgusyny aýdyma öwrüp bolýarmy?

 Ýok, bolmaýar. Köp goşgularyň sözleri agyr hem çekimsiz harplar köp bolýar. Sözde çekimsiz harplar köp bolsa, aýdyma salmak kynlaşýar. Çekimli harpy köp bolan, sada sözler bilen ýazylan goşgulardan bolsa gowy aýdymlar çykýar.

 Rüstem biz sizi diňe aýdymçy hökmünde däl-de, kino artist hökmünde hem az-kem tanaýarys. Aýdym-saz dünýäsi bilen kino sungaty biri-biri bilen tapawutly. Kino älemi barada gürrüň beräýseňiz.

Aslynda men, çagalygymdan artist bolmagyň arzuwyndadym. Mekdep okuwçysy wagtlarym, çärelerde, bäsleşiklerde sahna oýunlary bilen çykyş edýärdim. Bäsleşiklerde ýeňiji bolup, mekdebimiziň abraýyny artdyran pursatlarym köp boldy. Kino düşmegiň bolsa, has başgaça duýgusy bar. Kino hormatym hem, söýgüm hem uly.

 Hobbiňiz näme?

Men haýwanlary gowy görýärin. Çagalygymdan häzirki güne çenli, hakyky türkmen itlerini we kepderilerini saklaýaryn. Türkmen alabaýlarymyň sany 40-a golaýlady. Ýörite itlerim üçin mellek ýer alyp idedip, köpeltýärin. Kepderilermi öýde saklaýaryn. Halan  ýaydaýymda kepderileri satyn alýaryn. Men howly jaýyna hem ýörite itlerim we kepderilerim üçin göçdüm. Şolara bolan has uly söýgüm bar. Hat-da kä günler ýadawlygyma garamazdan, agşamlaryna ýanynda oturýaryn.  Olar hem nerwimi rahatlandyrýar,  şeýle pursatlardan lezzet alýaryn. Kepderi adama ruhy lezzet berýär. Sebäbi kepderi parahatçylygyň nyşany. Kepderlerimiň sany 1000-den hem köpdi, azalyp sany 100-e bardy. Haýwanlary adamyň ýakyn syrdaşy hasaplaýaryn.

 Muşdaklaryňyza maşgala durmuşyňyz gyzyklydyr. Söhbedimiziň şu ýerinde maşgalaňyz barada-da kelam-agyz durup geçäýseňiz.

 Agzybir maşgalamyzda gelnim Gözel bilen iki sany perzendimiz bar. Oglum Remezan 3 ýaşynda, gyzym Aýşa ýakyn günlerde  1 ýaşamaly. Gelnim Gözel hem TDMI-ny menden bir ýyl giç tamamlady.

Gelnejemiz gabanjaňmy?

Ýok.

Ýaşlara berjek maslahatyňyz.

Hiç wagt ýamanlyk etmezligi, hat-da ýamanlyk edilen ýagdaýynda-da ýagşylyk bilen jogap bermegi maslahat berýärin.

Özüňizde we özgelerde halamaýan häsiýetiňiz?

 Men çalt gaharlanýaryn, gaharyma adamyň göwnüne degýän pursatlarym hem az däl. Bu häsiýetimi halamaýaryn. Adamlarda bolsa görüplik, gybatkeşlik ýaly häsiýetleri asla halamaýaryn.

Döwürdeş kärdeşleriňden haýsylaryň aýdymlaryny diňleýärsiňiz?

 Azat Dönmezowyň, Hemra Rejebowyň aýdymlaryny diňleýärin. Döwrümiziň ussat we zehinli aýdymçylary. Halk aýdymçylardan bolsa Guwanç Ýazmämmedowyň aýdymlaryny diňleýärin.

 Daşary ýurt aýdymçylaryndan kimleri diňleýärsiňiz?

 Türkiýe Respublikasynyň meşhur aýdymçysy Ibrahim Tatlysesiň aýdymyny, Russiýa döwletiniň aýdymçylaryndan  Alla Pugaçowa we Ýuriý Şatunow ýaly ussat aýdymçylaryň aýdymlaryny diňleýärin.

 Ilkinji diňleýjiňiz kim?

 Kakamyň ilkinji diňleýjisi ejem eken. Meniň hem ilkinji diňleýjim ejem. Sebäbi ejem köp okamagy gowy görýän adam. Şonuň üçin aýdymyň sözlerine baha bermegi başarýar. Hat-da ejemiň öýde özüniň şahsy kitaphanasy hem bar. Men hem okuwçy wagtym köp kitap okaýardym. Görogly şadessanyny 3 gezek okapdym.

 Kakaňyzyň aňyrsynda aýdymçy barmy?

 Hawa bar. Kakamyň daýysy  Baýramdurdy Garaýew ilkinji bolup dutarda “Damana” ýoluny esaslandyran eken.

 Nähili görnüşlerdäki aýdymlary diňlemegi gowy görýärsiňiz? Gynançlymy ýa begençlimi?

 Özüm gynançly aýdymlary diňlemegi gowy görýärin. Gynançly aýdymlaryň berýän duýgusy meniň üçin has ýakymly.

 El telefonuňyzyň koduny gelnejemiz bilýärmi?

 Hawa, elbetde bilýär. Kodumy maşgalam üçin goýmaýaryn, sebäbi öýdäkileriň hiç biri telefonymy ellemeýär.

Aýdym-sazyň daşyndan telekeçilik bilen meşgullanýarsyňyzmy?

Aýdym-saz gaty näzik sungat. Bu sungatyň aýratynlygy, hemişe özüne üns berilmegini talap edýär. Maňa köp teklip etdiler, ýöne göwnüm bu sungatdan başga hiç bir zat bilen meşgullanmagymy oňlamaýar.

Aýdym aýdýan adamyň hemişe kalby joşgunly bolýar. Ýürek arzuwlaryňyzy paýlaşsaňyz!

Biz parahat, bagtyýar döwrüň adamlary. Goý, Arkadagly ýurdumyzda aýdym-sazyň sesi baky ýaňlansyn! Gahryman Arkadagymyzyň jany sagbolsun, ömri uzak bolsun!

 Sagboluň, arzuwlaryňyz hasyl bolsun! Aýdym-saz äleminde üstünlikler hemraňyz bolsun!

Sagboluň, sizede üstünlikler ýaran bolsun!

Aýdymçy hakynda gysgaça maglumat:

Doglan senesi, ýeri: 1993-njy ýylyň 10-njy maýy, Balkan welaýatynyň Serdar şäheri

Okan orta mekdebi: Serdar şäheriniň 6-njy orta mekdebi.

Okan ýokary okuw mekdebi: Türkmen Döwlet medeniýet instituty, 2015-2020 ý.

Häzirki wagtda:  Nebit-gaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkezin aýdymçysy.

2015-njy ýylda: “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň ýeňijisi.

Türkmen ýyldyzlary bilen Söhbetdeşlikler-II

Türkmen ýyldyzlary bilen Söhbetdeşlikler-I

Ýene-de okaň

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda

Maýsa Myradowa: ýaşlygyma ýoldaş bolan sungatym