JEMGYÝET

 “Lacoste” markasynyň taryhy

1933-nji ýyldan bäri “Lacoste”  dünýäniň iň uly markalarynyň birine öwrüldi. Dünýä meşhur eşikleriň markasy “Lacoste” 1933-nji ýylda Rene Lakoste tarapyndan döredildi. Markanyň logosyna krokodil şekilini goýmagy, Reneniň lakamynyň krokodil bolmagydyr. Ýaşan döwründe Rene meşhur tennisçi bolupdyr. Ol mahallar tennisçileriň uzyn ýeňli köýnek geýmekleri, tennis oýnamaga kynçylyk döredýär eken.

Netijede, Rene şol kynçylygyň öňüni alyp, tennis oýnalanda geýmek üçin ýeňil “Lacoste” sport eşigini döredipdir. 1951-nji ýyla çenli erkekler üçin niýetlenen ýeňsiz köýnegiň diňe ak reňklisi öndürilen bolsa, şol ýyldan soň dürli reňkde “Lacoste” egin-eşikleri öndürilip başlapdyr.

1964-nji ýylda Rene Lakosteniň ogly Bernard Lakoste kompaniýanyň başyna geçdi. Häzirki wagtda Lakosteniň diňe bir egin-eşik däl, eýsem aýakgaplardan başlap, sagada çenli ähli görnüşleri öndürilýär.

 

Dünýädäki iň baý adam ölümsizlik startapyna maýa goýdy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Adem Kula bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Antalýada duşuşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanda “Galkynyşgaz” döwlet kärhanasy dörediler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri Antalýada duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň daşary işler ministri Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri