BIZNES

5 ýylda 111 müň iş orny döredildi

Täze iş orunlaryny döretmek Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady syýasatyň esasy maksatlarynyň biridir. Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen häzirki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, täze iş orunlaryny döretmek boýunça döwlet tarapyndan kabul edilýän çözgütler netijeli zähmeti gazanmakda edilýän tagallanyň aýdyň subutnamasydyr. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň şu günki sanynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ykdysady ylymlaryň kandidaty Maýagözel Babaýewanyň makalasynda bellenilip geçilýär.

Tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mek, bu ugurda yk­dy­sa­dy­ýe­tiň hu­su­sy bö­le­gi­ni döw­let ta­ra­pyn­dan hö­wes­len­dir­mek zäh­met baza­ry we iş üp­jün­çi­lik çyg­ryn­da­ky düýp­li me­se­le­dir. Şun­da tä­ze iş orun­la­ry­ny döret­mek döw­let­de ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­leriň bi­ri hök­mün­de kes­git­le­ndi.

My­sal üçin, «Türk­me­nis­tan­da iş üp­jün­çi­lik ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­me­giň hem-de tä­ze iş orun­lary­ny dö­ret­me­giň 2015 — 2020-nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­sy­na» la­ýyk­lyk­da, me­ýilna­ma­laş­dy­ry­lan dö­wür­de 111 mü­ňe go­laý tä­ze iş orun­la­ry dö­re­dil­di. Ola­ryň ag­la­ba bö­le­gi­niň hu­su­sy pu­daga degişlidigi bellärliklidir.

Yk­dy­sa­dy­ýet­de iş bi­len meş­gul­lan­ýan­laryň 75 gö­te­ri­me go­la­ýy­nyň hu­su­sy pu­dakda zäh­met çek­me­gi hä­zir­ki dö­wür­de hem bu ösüş meý­li­niň dur­nuk­ly hä­si­ýe­te eýe­di­gine şa­ýat­lyk ed­ýär. Ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­ge döw­let ta­ra­pyn­dan be­ril­ýän yzy­gi­der­li goldaw bol­sa ýur­du­myz­da işiň bu gör­nü­şi­niň ge­ri­mi­niň mun­dan beý­läk-de gi­ňe­jek­di­gi­ni gör­kez­ýär.

Je­mi içer­ki önüm­de hu­su­sy­ýetçi­li­giň pa­ýy­nyň 70 gö­te­ri­me go­laý­la­ma­gy ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny art­dyrmak­da hu­su­sy bö­le­giň tut­ýan or­nu­nyň uludy­gy­na göz ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

 

Bitkoin milli pul birligi boldy

Ýene-de okaň

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy