Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda dellallyk ýerini satyn almagyň tertibine üýtgetmeler girizildi. Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygynyň 2015-nji ýylyň 14-nji awgustynda çykaran 01/05-18 belgili buýrugy bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda dellallyk ýerini satyn almagyň tertibine üýtgetmeleri girizildi. Bu Tertib Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygynyň 2015-nji ýylyň 14-nji awgustynda çykaran 01/05-18 belgili buýrugy bilen tassyklanypdy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygynyň 2015-nji ýylyň 14-nji awgustynda çykaran 01/05-18 belgili buýrugy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygynyň 2015-nji ýylyň 14-nji awgustynda çykaran 01/05-18 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda dellallyk ýerini satyn almagyň tertibine üýtgetmeleri girizmek hakynda
2014-nji ýylyň 1-nji martynda kabul edilen “Haryt-çig mal biržalary we birza söwdasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna we “Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda çykaran 14074-nji karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy hakyndaky Düzgünnama esaslanyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ulgamyny kämilleşdirmek, eksport we import amallaryny ýönekeýleşdirmek barada tabşyryklaryny ýerine ýetrimek maksady bilen,
B U Ý U R Ý A R Y N :
- Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2015-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda 905 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda dellallyk ýerini satyn almagyň teribini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygynyň 2015-nji ýylyň 14-nji awgustynda çykaran 01/05-18 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda dellallyk ýerini satyn almagyň Tertibinde:
1) ikinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
“2. Dellallyk ýerini satyn almak üçin Biržanyň başlygynyň adyna arza berilýär we arzanyň ýanyna aşakda görkezilen resminamalar goşulýar:
ýuridik şahsyň we ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahs-hususy telekeçiniň (mundan beýläk –hususy telekeçi) esaslandyryjy resminamalary, şol sanda olaryň ynanylan wekiliniň degişli resminamalary (tertipnama, düzgünnama, ynanç haty, patent we ş.m.);
dellalyň pasportynyň nusgasy.”;
2) üçünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
“3. Dellallyk ýerini satyn almak üçin berlen ýazmaça ýa-da sanly ulgam arkaly elektron görnüşinde berlen arza we oňa goşulan resminamalary Biržanyň diwanhanasynda bellige alnandan soň, Biržanyň başlygynyň tabşyrmagy boýunça Biržanyň Özara hasaplaşyklar, Birža söwdasyny guraýjy, Maliýe gözegçiligi bölümlerinde, Hukuk we işgärler müdirliginde 3 (üç) iş gününiň dowamynda seredilýär.
Dellallyk ýerini satmak barada oňyn netije çykarylan halatynda, Biržanyň Özara hasaplaşyklar bölümi tarapyndan 1 (bir) iş gününiň dowamynda onuň 1 (bir) ýyllyk tölegini tölemek barada bellenen nyrh boýunça hasap-faktura ýazylýar. Dellallyk ýerini ulanmagyň möhleti hasap-fakturasynyň esasynda töleg geçirilen pursatyndan başlanýar.”;
3) dördünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
“4. Dellallyk ýeriniň bahasy tölenenden soň, birža gatnaşyja dellallyk ýeriniň belgisi görkezilen, 1 (bir) ýyl möhlet bilen Biržada söwda amallaryny geçirmäge hukuk berýän ýörite elektron kody 1 (bir) iş gününiň dowamynda berilýär we bu barada ýörite kitaba bellik edilýär.”.
- Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygynyň orunbasarlary gözegçilik etmeli.
Başlyk B.Çaryýew
Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan
2021-nji ýylyň 31-njy awgustynda 1503 bellige
alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.
Awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak hakyndaky Düzgünnama kabul edildi