Beýik Britaniýanyň “Times Higher Education” (THE) žurnaly tarapyndan dünýäniň öňdebayrjy ýokary okuw mekdepleriniň “THE World University Rankings 2022” sanawy çap edildi.
Bu gezekki sanawa dünýäniň 99 ýurdundan we sebitlerden 1662 bilim edarasy goşuldy.
SANAWYŇ 6 ÝYLDYR ÖŇDEBARYJYSY: OKSFORD UNIWERSITETI
Bu sanawda birinji orny bassyr 6 ýyldan bäri Beýik Britaniýanyň Oksford uniwersiteti eýeläp gelýär. Ikinji orny ABŞ-nyň 2 uniwersiteti – Kaliforniýa tehnologiýa instituty we Garward uniwersiteti eýeledi. Ilkinji 10-lukda geçen ýyl bolşy ýaly, ABŞ-dan 8, Beýik Britaniýadan 2 ýokary okuw mekdebi öz ornuny aldy.
Olar – Stenford uniwersiteti (ABŞ, 4-nji orun), Kembrij uniwersiteti (Beýik Britaniýa, 5-nji orun), Massaçusets tehnologiýa instituty (ABŞ, 5-nji orun), Prinston uniwersiteti (ABŞ, 7-nji orun), Berklidäki Kaliforniýa uniwersiteti (ABŞ, 8-nji orun), Ýel uniwersiteti (ABŞ-, 9-njy orun) we Çokago uniwersiteti (ABŞ, 10-njy orun).
Öňdebaryjy 200 ýokary okuw mekdepleriniň sanawynda ABŞ 57 uniwersitet bilen birinji, Beýik Britaniýa 28 uniwersitet bilen ikinji, Germaniýa 22 uniwersitet bilen üçünji, Awstraliýa 12 uniwersitet bilen dördünji, Hytaý we Niderlandlar 10 uniwersitet bilen 5-nji orny eýeledi.
Bu sanawda Hytaýyň ýokary okuw mekdepleriniň sanynyň artmagy bellärliklidir. Sanawda Hytaýyň bilim edaralarynyň sany 97-ä deň boldy.
Russiýa Federasiýasy bu sanawda 60 ýokary bilim edarasy bilen wekilçilik edýär.
SANAWY DÜZMEGIŇ USULY
Sanaw taýýarlanylanda 5 topara bölünen 13 ölçeg ulanylýar. Hususan-da, şeýle görkezijiler ylmy makalalaryň ähmiýeti, innowasiýa goşant, ylmy-barlag işlerinden gelýän girdeji, okatmagyň hili, uniwersitetiň globallaşma derejesi, iň oňat ylmy hünärmenleri we daşary ýurtly talyplary özüne çekmek ukyby ýaly görkezjiler göz öňünde tutulýar.