HALYPA MUGALLYMY ÝATLAP…
13-nji awgust halypa mugallymyň doglan güni. Bu gün onuň doglan gününe togsan ýyl bolýar. Bu mynasybetli onuň yzynda galan tutuş maşgalasyna, ogul-gyzlaryna, agtyk-çowluklaryna, dogan-garyndaşlaryna uzak ýaş dileýärin.
Käşge, özi aramyzda bolan bolsa-dy, onda 90 ýaşyny toýlardyk, ýagdaý başgaça bolardy, emma “pederleriň miras goýan aýralyk derdine” adamyň elinden gelýän zat ýok diýilýäni. Beýle ýagdaýlarda, gynansak-da, köp ýerde ýatlama bilen ýetinmeli bolýarys. Biz hem bu çaklaňja ýazgymyzda uniwersitetde bilim beren ussatlarymyzyň we dil dünýäsine gidýän ýoly görkezen halypalarymyzyň biri Haýdar Muhyýew hakynda käbir zatlary ýatlamagy ýerlikli hasapladyk.
* * *
…Biziň halypa mugallymymyz bilen tanyşlygymyz 1974-1979-njy ýyllary öz içine alýan talyplyk döwründe başlapdy. Gürrüňi edilýän wagtlar bilim ojagymyz bolan ýokary okuw mekdebimiz Alekseý Maksimowiç Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti diýlip atlandyrylýardy. Haýdar mugallym şol wagtlar uniwersitetiň türkmen filologiýasy fakultetiniň türkmen dili kafedrasynda tejribeli mugallymlarynyň biri bolup işleýärdi.
Halypa mugallymyň kimligi hakynda gysgajyk tanyşdyryş maglumaty. Biz bu maglumaty onuň özüniň başda durmagynda (hut halypanyň öz inisatiwasy bilen) türkmen alymy Sapar Kürenow bilen bilelikde taýýarlan “Türkmen dilçileri” diýen kitabyndan aldyk. Şonuň bu ýerde berlen has atlary-da üýtgetmedik, çeşmede bolşy ýaly bermegi ýerlikli hasapladyk.
Bu kitap halypa mugallym Haýdar Muhyýewiň tagallasy bilen türkmen dil biliminde ilkinji gezek taýýarlanylyp, 1988-nji ýylda (Aşgabat: Magaryf) neşir edildi. Kitap ýokary okuw jaýlarynyň filologiýa fakultetleriniň studentleri (talyplary) üçin niýetlenilipdir. Kitabyň esasy maksatlarynyň biri-de talyplara öz mugallymlaryny ylmy esasda tanatmakdan ybaratdyr. Talyplaryň özüni okadýan mugallymynyň gyzyklanýan ugruny we onuň ylmy işlerini bilmegi gaty ähmiýetlidir. Şonuň üçin “Türkmen dilçileri” diýen kitabynyň tutuş okyjylar köpçüligi üçin peýdasy örän uludyr.
Bu çaklaňja kitap daşyndan seredeniň-de, beýlekiler ýaly adaty bir kitaby ýatladýar, içine içgin aralaşsaň welin, türkmen dili ugrunda yhlas eden dilçileriň enaýyja ensiklopediýasyna meňzeýär. Türkmen dil biliminde ilkinji gezek taýýarlanylan kitapda türkmen dili bilen meşgul bolup, ony öz döwründe ylmy esasda öwrenmäge gaýrat eden ýüze ýakyn dilçi alymlar we olaryň ylmy işleri hakynda peýdaly maglumatlar berilýär.
Kitapda berilýän maglumatlara görä, Haýdar Muhyýew 1931-nji ýylda Garrygala raýonynyň Kirow adyndaky obasynda gullukçy maşgalasynda dogulýar.
* * *
Halypa mugallymyň alan sowadyna we bilim derejesine degişli gysgajyk maglumatlar. Obada önüp-ösýär, şol ýerde-de umumy terbiýäni we bilimi alýar. Elbetde, şol döwürlerde ýurduň hemme etraplarynda umumy bilim berýän orta mekdepler ýokdy. Has dogrusy, birnäçe ýerlerde ýediýyylyk, sekizýyllyk mekdepler bardy.
Haýdar Muhyýew hem ilkibada ýediýyllyk mekdepde okaýar. Ol 1945-nji ýylda Garrygala raýonynyň N. Krupskaýa adyndaky ýediýyllyk mekdebini tamamlaýar.
Okuwa örän yhlasly bolan ýetginjek soňra ýediýyllyk bilim bilen çäklenmän, Aşgabat döwlet pedagogik institutynyň ýanyndaky ikiýyllyk taýýarlyk kursuna okuwa girýär.
1947-nji ýylda Aşgabat mugallymçylyk institutynyň dil we edebiýat fakultetine ýerleşýär we ony 1949-njy ýylda tamamlap, öz okan mekdebinde mugallymçylyk etmäge başlaýar. Ynha, şu maglumatlardan-da görnüşi ýaly, halypamyzyň birinji mugallymçylyk ýoly öz okan mekdebi bilen baglanyşyklydyr. Ussadyň diňe ýokardaky geçen ýoluna ser salanymyzda-da, onuň pedagog bolmak ugrundaky yhlasy mesaňa mälimdir.
Haýdar Muhyýew mugallymçylygyny gullukdan soňra hem dowam etdirýär. Ilki Garrygala raýon halk magaryf bölüminde mekdep inspektory, soňra raýonyň 1-nji orta mekdebinde okuw bölüminiň müdiri bolup işleýär.
Ikinji mugallymçylyk ýoly bolsa, Alekseý Maksimowiç Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen baglanyşyklydyr. Muňa geçmezden öň, mugallymyň harby tälimi hakynda-da käbir maglumatlary paýlaşmaklygy ýerlikli hasapladyk.
Haýdar halypa we onuň harby tälimi bilen baglanyşykly maglumatlar. Biz elimizdäki çeşmelerimize görä, mugallyma “Haýdar” diýen adyň näme üçin dakylandygyny anyk bilmeýäris, ýöne bu adyň esasynda mugallyma degişli häsiýetlerden batyrlygyň, mertligiň, gaýratlylygyň ýatandygyny janly şaýat hökmünde anyk bilýäris. Galyberse-de, “Haýdar” sözüniň ýene bir esasy manysy-da “arslan, ýolbars, şir” diýmekdir. Bu ýerden gysgaça şeýle netije çykarmak mümkindir. Adyna eýe bolan halypamyzyň bizi okadan wagtlarynda-da, sapak düşündirýän halatlarynda-da harby tälime, tertip-düzgüne, adalata, gujur-gaýrata, yhlasa, janypkeşlige, watan söýüjilige aýratyn üns berýändigini öwrenipdik.
Ol gulluk meselesinde-de nusga alarly bir pedagogdyr. Haýdar mugallym watan öňündäki gulluk borjuny ýerine ýetirmek üçin 1949-njy ýylda goşun gullugyna gidýär. Bir tarapdan-da bilimini ösdürýär. Goşun gullugyndaka, 1952-nji ýylda Aşgabatdaky pedagogik institutynyň gaýybana bölümini gutarýar.
1953-nji ýylda bolsa Almaatanyň ofiserler taýýarlaýan kursuny tamamlaýar. Şeýlelikde, 1954-nji ýylda goşun gullugyny doly tamamlap, öz dogduk mekanyna gaýdyp gelýär.
* * *
Halypa mugallymyň ylmy äleme tarap äden ädimlerine degişli gysgajyk maglumatlar. Her kimiň ylmy äleme bolan ilkinji ädimi aspiranturadan başlaýar. Aspirantura geljekki alymlary saýgaryp bilen özboluşly sapakdyr. Köplenç öz-özüňi synarsyň, käte özüňi tankytlarsyň, käte kitaplardaky pikirleri, şeýdip ädimiň ylmy esasda atylmalydygyna düşünersiň. Käte bolsa özüňkiniň dogrudygyny çyndan hem düşündirmäge synanyşarsyň. Ahyrynda-da, öz garaýşyňy goramagy, öz düşünjäňi delillendirmegi öwrenersiň…
Haýdar mugallym hem üç ýyllyk aspiranturany uniwersitetde geçýär. Ol 1956-1959-njy ýyllarda Alekseý Maksimowiç Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde aspiranturanyň doly kursuny geçip gutarýar. Aspiranturany gutarandan soňra, ol Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Dil bilimi institutynda ylmy işgär wezipesinde işlemäge başlaýar.
Bu döwürde Haýdar mugallym türkmen diline yhlas eden, ony ylmy esasda öwrenen alymlaryň işlerini öwrener we ýörite bu barada ýörite konspekt edendigini hemişe sapaklarda ýatlardy. Ol muňa meňzeş garaýşyny “Türkmen dilçileri” diýen kitapda şeýle sözler bilen beýan edipdir: “Şu kitaby ylym meýdanynda düýpli yz galdyran merhum alymlar- hormatly mugallymlarymyzyň ýagty ýadygärligine, mähriban ýoldaşlarymyzyň hormatyna bagyşlaýarys.”
Haýdar mugallym üç ýyllyk aspiranturanyň miwesini gyş görýär. Ol 1959-njy ýylyň dekabr aýynda “Türkmen diliniň nohur dialekti” diýen temada kandidatlyk dissertasiýasyny gorap, filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini alýar.
Bu ylmy dereje halypa mugallyma täze bir wezipäni hem özi bilen bile getirýär. Filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini alanyndan bir aý soňra, has anygy, 1960-njy ýylyň ýanwar aýynda ony Dil bilimi institutynyň deňeşdirme grammatika sektorynyň müdirligine belleýärler.
Bilnişi ýaly, şol ýyllarda deňeşdirme grammatika bilen baglanyşykly ençeme ylmy işler edilýär. Rus we türkmen dilleriniň deňeşdirme grammatikasy boýunça käbir monografiýalar (Srawnitelnaýa grammatika russkogo i turkmenskogo ýazykow) taýýarlanylýar. Şol monografiýanyň “Morfologiýa”, “Sypatlar”, “Ortak işlikler”, “Predloglar” ýaly birnäçe bölümlerini Haýdar mugallym ýazýar. Bu grammatika Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň “Ylym” neşirýaty tarapyndan 1964-nji ýylda neşir edilýär.
Bu maglumatlar bolsa, Haýdar mugallymyň iki ugur (dialektologiýa we deňeşdirme grammatika ) boýunça ylmy agyrlygy bardygyna şaýatlyk edýär.
Aspiranturany 1956-1959-njy ýyllaryň arasynda gutaran hem bolsa, halypa mugallymyň aspirantlar bilen baglanyşykly işi has-da artýar. Ol 1963-1966-njy ýyllarda Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Prezidiumynyň aspirantura bölümine ýolbaşçylyk edýär.
1966-njy ýylyň noýabr aýyndan başlap, ömrüniň ahyryna çenli Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili kafedrasynyň dosenti bolup işleýär.
Hormatly halypanyň tutuş ömri mugallymçylyga, pedagoglyga we terbiyecilige bagyşlanandyr. Edepli, terbiýeli, ylymly ýaşlary ýetişdirmek onuň esasy maksatlaryndandyr.
Halypa mugallymyň talyplara bolan gatnaşygy hakynda. Turuwbaşdan şuny ýörite bellemelidiris. Mugallymlar bilen talyplar baglanyşygy uçurym bolanyňdan soňra-da kesilmeýär. Bu hakykat. Sebäbi, Haýdar mugallym ýaly ugrukdyryjy, ýol görkeziji mugallymlaryň zerurlygy talyplygyň birinji we ikinji ýyllarynda, has dogrusy, heniz şähere we okuwa gögele ýyllaryňda mesaňa mälim duýulýar.
Obadan gelip, Aşgabat ýaly uly we merkezi şäherde okamaklygyň özüne ýetesi epeýje kynçylyklary bolýar. Bulary hakyky pedagoglar derrew duýýarlar. Mahlasy, halypa mugallymyň öz sözleri bilen aýtsak, “hem durmuş, hem-de bilim synagyny bilelikde berilmelididir”…
Elbetde, oba ýaşaýşyna endik eden, oba medeniyeti bilen ýugrulan, oba hojalyk işleri bilen kämilleşen, ejäniň mele-myssyk çöregine we taýýarjak gyzgynja naharyna öwrenişen ýaşlaryň uly şähere birden öwrenişmegi-de ýeňil-ýepaý bolmaýar. Halypanyň aýdyşy ýaly, “yhlas etmeli, öwrenişmeli, her etmeli, hesip etmeli, ýeňşe ýetmeli”…
Galyberse-de, Aşgabat şäherine başga ýerden gelen obaly ýa-da şäherli talyplaryň birinji meselesi umumy ýaşaýyş jaýyny alyp bilmekdir. Bu iş gürrüňi edilýän ýyllarda aňsat däldi. Umumy ýaşaýyş jaýyny alyp bilmek, şol döwrüň iň uly utuşy diýlip hasap edilýärdi. Şol döwürlerde uniwersitetiň umumy ýaşaýyş jaýlarynyň sany-da azdy. Munuň üstüne biziň fakultetimize-de berilýän ornuň sany-da azdy.
Gysgaça aýdylanda, şol wagtlar umumy ýaşaýyş jaýly mesele talyplaryň esasy meselesidi. Umumy ýaşaýyş jaýly bolmaklygyň talyp üçin gaty köp peýdalary bardy.
Birinjiden, hemişe uniwersitete, fakultetiňe ýakynsyň, ikinjiden, kitaphana üçin ep-esli wagt aýryp boljakdy, üçünjiden, ýol çykdajyň asla boljak däldi. Ýene uly meseleleriň biri-de talyp hakyny alyp bilmekdi.
Gysgaça aýdanymyzda, talyplaryň ýokardaky ýaly meseleler boýunça ilkinji bolup ýüz tutýan, salgy alýan, maslahat soraýan mugallymlaryň hatarynda köplenç Haýdar mugallymy görmek bolýardy.
Alymyň dissertasiýasy hakynda. Haýdar Muhyýewiň ylmy iş hökmünde ýazan dissertasiýasynyň ady: “Türkmen diliniň nohur dialekti” (kandidatlyk dissertasiýa). Aşgabat, 1959.
Dissertasynyň awtoreferaty: “Nohurskiý ýazyk turkmenskogo ýazyka”. Aşhabad,1959.
Ylmy ýolbaşçysy: Türkmenistan Ylymlar akademiýadynyň akademigi Pygam Azymow.
Dissertasiýa bilen baglanyşykly ylmy makalalary:
1.“Nohur dialektinde çekimliler”. “Uçenyýe zapiski Turkmenskogo gos. uniw-ta, wyp. XIII, Aşhabad,1958;
2.“Nohur dialektiniň morfologik aýratynlyklary”. “Uçenyýe zapiski Turkmenskogo gos. uniw-ta, wyp. XVI, Aşhabad,1959;
3.“Nohur dialektiniň leksik aýratynlyklary”. “Uçenyýe zapiski Turkmenskogo gos. uniw-ta, wyp. XVI, Aşhabad,1959;
4.“Türkmen diliniň nohur dialektiniň käbir fonetik aýratynlyklary”. “Trudy Instituta ýazyka i literatury AN TSSR”, wyp. III, Aşhabad,1959;
5.“Hohur dialektiniň çekimsiz sesleri”. “Trudy Instituta ýazyka i literatury AN TSSR”, wyp. IV, Aşhabad,1962;
6.(Ý.N. Ýerşowa bilen bilelikde) “İz nablýudeniý nad nohurskim dialektom turkmenskogo ýazyka”. “Uçenyýe zapiski Turkmenskogo gos. uniw-ta, wyp. XIV, Aşhabad,1958.
Halypa mugallymyň ylmy işi türkmen dil bilime edilen uly goşantdyr. Ol asla könelmeýär, ähmiýetini hiç wagt ýitirmeýär. Dil bilen gyzyklanýan geljekki neslimiz üçin tapylgysyz baýlykdyr.
* * *
Netije ýerine. Halypa mugallym Haýdar Muhyýewiň özi aramyzda bolmasa-da, onuň ady we eden ylmy işleri häzirki wagtda bütin Türk dünýäsinde ýaşaýar. Muňa gözli şaýat bolýandygym üçin, bu makalanyň netijesi hökmünde iki sany anyk nusgany siz bilen paýlaşmaklygy ýerlikli hasapladym.
Birinjisi, ynha, Türkiýe döwletiniň Ankara şäherinde ýerleşýän Ankara uniwersitetinde goralan dissertasiýa. Dissertasiýanyň temasy: “Eýrandaky türkmen diliniň gökleň we nohur dialektleri”. Ylmy ýolbaşçysy: Prof. Dr. Melek ERDEM. Bu dissertasiýa ýaş türk alymy Zeýnep ÝYLDYRYM tarapyndan taýýarlanylypdyr we üstünlikli goralypdyr. Türk alymy özüniň ylmy işiniň köp ýerlerinde türkmen alymy Haýdar Muhyýewiň dissertasiýasyna salgylanypdyr, öz garaýyşlarynyň birnäçesini-de şoňa görä delillendiripdir. Bu dissertasiýanyň netijesinde Türkmenistandaky we Eýrandaky gökleň, nohur gepleşikleriniň arasyndaky aýratynlyklar ýüze çykarylypdyr.
Ikinjisi bolsa, Türkiýäniň Mugla şäherinde ýerleşýän Sytky Koçman adyndaky uniwersitetde 2021-nji ýylda goralan bir dissertasiýa. Ylmy dissertasiýanyň ady: “Owganystan türkmenleri we dilleri”. Gürrüňi edilýän ylmy işi taýýarlan owganystanly Türkmenlerden bolan Abyl Şükür KÖÝÜK. Ylmy ýolbaşçysy bolsa ýokarda ady geçen uniwersitetiň mugallymy dosent Ekrem AÝAN.
Bu ylmy işiň seljeriş komisiýasynda ýer alandygym üçin, dissertasiýany doly okap çykdym. Oňat ýazylan bu ylmy işiň peýdalanan çeşmelerindäki 44-nji we 45-nji orundaky edebiýatlary bolşy ýaly ýazýaryn.
“44. Muhiyev, H. Nohurskiy Dialekt Turkmenskogo Yazıka. Aşkabad,1959.
45.Muhyýew, Haýdar. Türkmen Diliniň Nohur Dialekti. Aşgabat, 1959.”
Ynha, bulary okanyňda, owganystanly türkmen bolan ýaş alymyň bu ylmy işleri gerekli ýerinde delillendirişine seredeniň-de, halypa mugallymymyz Haýdar Muhyýewiň adynyň, ylmy işiniň tutuş türk dünýäsiniň ylym äleminde ýaşaýandygyna we ýaşajakdygyna has-da buýsanýarsyň.
Ýatan ýeriň ýagty, ruhuň şat bolsun, hormatly halypam Haýdar Muhyýewiç!
Suratlar Edebiýat we Sungat gazetinden alyndy
Berdi Saryýew,
Ankara uniwersitetiniň türkmen dili mugallymy,
Türk Dil Kurumynyň habarçy agzasy.