TEHNOLOGIÝA

“Honor X20” we “Honor Play 5T Pro”

Bu hepdede tanyşdyrylmagyna garaşylýan “Honor X20” smartfony hem-de täze çykjak “Honor Play 5T Pro” telefony barada maglumatlar geldi.

Şereket tarapyndan “Honor X20″ smartfonynyň 391 ppi piksel durulykdaky 6.67” IPS ululykdaky ekran bilen üpjün ediljekdigi, telwfonyň 5G interneti goldaýan “MediaTek Dimensity 900 yonga” mikroprosessoryndan güýç aljakdygy, telegonda “Android 11”-e daýanýan “Magic UI 4.2” tehnologiýasynyň boljakdygy aýdyldy.

“Honor X20” smartfonynyň esasy kamerasynda 64 megapiksellik esasy sensor, makro linza we 2 megapiksellik durulyk sensory ýerleşer. Telefonyň öň tarapynda bolsa, 16 megapiksellik selfi kamerasy ýerleşdiriler. Telefonyň üns çekiji esasy aýratynlygy hem 40 minutda doly zarýad alýan 66W tiz zarýadly 4300 mAh batareýasydyr.

Täze smartfondaky kameralar bir tegelegiň içinde bir sany yşyk bilen bilelikde ýerleşer we bularyň hemmesi emeli aň arkaly dolandyrylma mümkinçiligine eýedir. Bu smartfon 2 reňkde (gök we mämişi) satuwa çykmagyna garaşylýar.

“Honor Play 5T Pro” smartfony 6.67″ ululykdaky FullHD+IPS durulykdaky ekrana, “MediaTek Helio G80” mikroprosessora, 8 GB RAM-a we 128 GB microSD ýada eýe. Telefonyň arka tarapynda 64 megapiksellik esasy we 2 megapiksellik goşmaça kameralar ýerleşer. Telefonyň selfi kamerasy bolsa 16 megapiksel ululykda bolar. Akylly telefon 22W güýjündäki 4000 mAh batareýa bilen üpjün ediler. Bu telefonyň haçan tanadyljakdygy mälim edilmedi, emma 12-nji awgustda “Honor X20” smartfonynyň 309 dollardan satuwa çykmagyna garaşylýar.

 

Maksat  TAGANOW

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet

uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

Geljegiň sanly tehnologiýalary

Ýene-de okaň

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar