TEHNOLOGIÝA

Eplenýän iPhone öndüriler

Eplenýän telefonlaryň bazary örän täze bolsa-da, şu wagtdan dünýä belli uly telefon firmalarynyň bäsdeşlik etjek meýdanyna öwrülmeklik üçin ynamly ädimler bilen öňe barýar. Eplenýän akylly telefonlar gymmat bahaly bolsalar-da, dünýäde örän giň islege eýe bolýar. Ulanyjylar gymmat bahalar bilen satuwa çykjak täze telefon modellerine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

“Apple” şereketi hem bu bazardaky täzelikler bilen ýakyndan gyzyklanyp, ulanyjylaryň sabyrsyzlyk bilen garaşýan telefonyny ýakyn geljekde tanyşdyrmagy meýilleşdirýär. Ýaňy-ýakynda internetde “Apple” şereketiniň ilkinji öndürjek eplenýän telefonynyň suratlary paýlaşyldy.

Bu telefon ortadan ikä eplenýär. Ekranyň içki kysmynda her wagtky “iOS” ýerleşipdir. Telefonyň daş kysmynda bolsa, tegelek çarçuwalar görýäris. Emma telefonyň arka tarapynyň üstki kysmynda dörtburçlugyň içinde ýerleşen 4 sany kamera we 3 sany linzaň bolmagy biziň ünsümizi çekýär.

Indi bolsa bu telefonyň tanyşdyryljak senesi barada durup geçsek. Biz “Apple” şereketiniň eplenýän iPhone telefonlaryny 2023-nji ýyldan öň tanyşdyrmajakdygyny takmyn edýäris.

 

Maksat TAGANOW

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet

uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

 

Geljegiň sanly tehnologiýalary

 

Ýene-de okaň

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar