TEHNOLOGIÝA

Dünýädäki iň gymmat elektrikli awtoulag taýýar

Birnäçe ýyl bäri ady dünýä dolan dünýäniň iň gymmat elektrik giper awtoulagy “Aspark Owl” ilkinji eýesine gowşar. Bahasy 3,4 million dollar bolan ýapon markasynyň aýratynlyklary awtoulag söýüjileri haýran galdyrýar. Diňe 50 sanysy öndüriljek “Aspark Owl” elektrik awtoulagy ilkinji eýesi üçin eltip bermäge taýyn.

Aralygy 450 kilometre çenli geçmäge mümkinçiligi bar bolan ulagyň iň ýokary tizligi 400 kilometre deňdir. “Aspark” kompaniýasy ulagyň batareýa paketiniň ýakyn wagtda täzelenjekdigini aýdýar. Ulagyň beýikligi bary-ýogy 99 santimetrdir.

“Aspark Owl”  4 sany elektrik hereketlendirijisi bilen işläp, bary-ýogy 1,7 sekuntda 0-dan 100 kilometre çenli tizlige ýetip biler. “Tesla” kompaniýasynyň garaşylýan modeli bolan “Roadster” 0-dan 100-e çenli tizlenmegi üçin 1,9 sekunt wagt gerek bolar.

Italiýada öndüriljek elektrik awtoulagy her bir müşderi üçin ýöriteleşdiriler. Ilkinji ulagyň eýesi entek yglan edilmedi.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

 

 

Ýene-de okaň

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi