JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Hindistan maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeldýär

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow bilen Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Widhu P.Naýr jemgyýetiň ösüşi üçin ýokary netijeli taslamalary durmuşa geçirmek üçin hindi granty barada özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekişdi. Bu barada “orient.tm” internet neşiri habar berýär.

Bu resminama, Türkmenistanda durmuş-ykdysady taslamalaryň, hususan-da zenanlaryň işewürlik mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, bilim, saglygy goraýyş, oba hojalygy we suw dolandyryşy, gaýtadan dikeldilýän energiýa, söwda, ulag we aragatnaşyk we ş.m. pudaklary ösdürmäge gönükdirilen taslamalaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşar.

Bu granty döretmek başlangyjy 2020-nji ýylyň oktýabrynda onlýan tertibinde geçirilen “Hindistan-Merkezi Aziýa” diýalogynyň ikinji mejlisinde beýan edilipdi.

 

Açyljak iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň sanawy

Related posts

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: ýolagçylar Moskwa-Stambul-Aşgabat ugry boýunça getiriler

Ata Watan Eserleri

2025-nji ýyla at bermek hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipler taýýarlanar

“Atavatan Türkmenistan’a” bir plaket daha

vepa