BILIM

Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi

“TÜRKMENGAZ” DÖWLET KONSERNINIŇ MARY NEBITGAZ ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI
2021/2022-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Nebit, gaz känleriniň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak.
2. Nebit we gaz ýataklarynyň gözlegi we olary ulanmak.
3. Nebitgaz geçirijilerini we nebitgaz ammarlaryny gurmak we ulanmak.
4. Nebit we gaz känlerini işläp geçmek.
5. Elektrik beketler, ýaýlymlar we ulgamlar.
6. Himiýa, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak.
7. Aragatnaşyk ýaýlymlary we kommunikasiýa ulgamlary.
8. Awtomatlaşdyrylan elektrotermiki ulgamlaryň önümçiligi.
9. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.
10. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
11. Maglumat ulgamlary.
12. Elektroenergetiki ulgamlaryň awtomatizasiýasy we rele goragy.
13. Senagat enjamlaryny gurnamak we tehniki taýdan ulanmak.
14. Maşyngurluşygyň tehnologiýasy.
Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes
bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti 2,5 ýyl.
Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Resmi iş kagyzlary Mary şäherinde 2021-nji ýylyň 12-nji iýuly — 14-nji awgusty
aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;
— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary
tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar
bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— şahsy pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş
şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça
harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary
nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde (Mary ş.) 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 17-18-i, 20- si we 21-i günlerinde geçirilýär.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy
derslerinden geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw
maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Okuw dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen
wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça
synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul
edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň
salgysy: Mary welaýaty, Mary ş., Kemine köçesi, 33, tel.: 4-66-65, 4-63-42, 4-66-10, 4-67-80.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň https://www.atavatan-turkmenistan.com/ internet saýty ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalarynyň kabul edişlik tertibini saýtymyzyň “Talyp-2021” sahypasyna gelip, ýokary okuw jaýlaryna degişli ähli habarlary aňsatlyk bilen tapyp, gyzgyny bilen okap bilersiňiz. Köp sanly talyplyga dalaşgär ýaş oglan we gyzlaryň we olaryň ene-atalarynyň bu habardan “habarly” bolmagyny, şeýle hem resminamalary tabşyrmak üçin gerekli maglumatlara elýeterli bolmagyny gazanmak üçin bu habarymyzy IMO we beýleki hasaplarda paýlaşmagyňyzy haýyş edýäris.

Size “habar” geler ýaly, biziň IMO hasabymyzy (+99365802470) yzarlaň, Instagram hasabymyza (@atavatanturkmen ň ýazylyň we Google Plaý Marketden şu ýere basyp ýa-da “Atavatan Türkmenistan” ýazyp mobil goşundymyzy mugt ýükläp alyň!

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Germaniýada magistratura we doktorantura mümkinçiligi

Türkmenistanyň Serhet institutyna 2025/2026-njy okuw ýyly üçin okuwa kabul etmegiň TERTIBI

Aşgabatda Çehiýanyň uniwersitetleriniň ýarmarkasy açyldy

Ata Watan Eserleri

Robot tehnologiýalar boýunça bäsleşik geçiriler

Türkmenistan bilen Russiýa bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer

Aşgabat şäherinde III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçiriler