JEMGYÝET

Howa maglumaty metbugatda yzygiderli berler

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisinde howanyň çendenaşa gyzmagyna degişli birnäçe tabşyryklary berdi.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň beren hasabatyndan görnüşi ýaly, ýakyn günlerde howanyň çendenaşa gyzmagyna garaşylýar. Şoňa görä-de, Ministrler Kabinetiniň agzalary, pudaklaryň we edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary hem-de raýatlar Günüň örän gyzýan wagtlary onuň şöhlesinden goranmak üçin zerur çäreleri görmelidirler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz zerur bolmasa, günüň aşagynda gezmeli däldigini belledi we kiçi ýaşly çagalaryň Günüň aşagynda bolýan wagtyny çäklendirip, bu ýagdaýa berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny nygtady.

Ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň dogry we berk berjaý edilmegine gözegçiligi güýçlendirmek, şunuň bilen baglylykda, ähli ýerde elektrik enjamlaryny aýawly peýdalanmak wajypdyr. Şu kadalary dogry we berk berjaý etsek, biz Günüň aşa gyzmagyndan goranyp bileris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

HOWA MAGLUMATY YZYGIDERLI BERLER

Hökümet mejlisiniň dowamynda oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Ministr häzirki döwürde ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, tomus paslynyň dowam edýän günlerinde howanyň aşa gyzmagyna garaşylýandygy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Günüň aşa gyzmagynyň we yssy günlerde Günüň aşagynda gezmegiň adamlaryň saglygyna ýaramaz täsiriniň bardygyna ünsi çekip, howanyň ýagdaýy baradaky maglumatlaryň metbugatda hem-de teleradioýaýlymlarda yzygiderli berilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli işleri talabalaýyk guramak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

 

Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi işewürler geňeşi dörediler

Ýene-de okaň

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäherine geldi

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Awaza maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antoniu Guterriş bilen duşuşygy

Antoniu Guterriş: BMG-niň Awaza forumy uly ähmiýete eýedir

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistana geler

Ata Watan Eserleri

“Atawatan Media” topary BMG-niň Awaza forumyna gatnaşýar