SPORT

29 ýyllyk rekordy täzelendi

Norwegiýaly ýeňil atletikaçy Karsten Warholm 29 ýyllyk rekordy täzeledi. Ol 400 metr aralygy päsgelçilikler bilen bökmekde dünýä rekordyny goýdy. Norwegiýaly türgen bu aralygy 46,70 sektunda geçmegi başardy.

Mundan ozalky rekord 1992-nji ýylda goýlupdy. Şol ýyl amerikaly türgen Kewin Ýang Barselona şäherinde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda 400 metrlik päsgelçilikli aralygy 46,78 sekuntlyk görkeziji bilen geçipdi.

Bu gezekki rekordy Norwegiýanyň Oslo şäherinde geçirilýän “Göwher ligasy” ýaryşynyň çäklerinde amala aşyryldy. Norwegiýaly türgen 2017-nji hem-de 2019-njy ýyllarda geçirilen dünýä çempionatynda hem bu ugurda çempion bolupdy.

 

Täze içeri işler ministri bellendi

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar