SPORT

Türkmen agyr atletikaçy Dohada bürünç medal gazandy

Şu günler Kataryň Doha şäherinde agyr atletika boýunça “Gran-Pri II” ýaryşy geçirilýär. Halkara Agyr atletika federasiýasynyň gurnaýan bu ýaryşyna türkmen türgenleri hem gatnaşýar.

2024-nji ýylda PAriž şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga mümkinçilik berýän bu ýaryşa umuman, 70 döwletden 500 türgen gatnaşýar.

Türkmenistanly agyr atletikaçy Gaýgysyz Töräýew öz agram derejesinde çykyş edip, bürünç medalyň eýesi boldy. Ol bu ýaryşda 150 kg we 188 kg, umumylykda bolsa, 338 kg agrmay galdyryp, baýrakly orny eýelemegi başardy.

Ozal Meksikada geçirilen dünýä çempionatynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Gaýgysyz Töräýew kümüş medalyň eýesi bolupdy.

Bu gezekki Katardaky ýaryşda altyn medaly Demirgazyk Koreýadan Ri Çon Song, kümüş medaly bolsa, Indoneziýadan Erwin Abdulla gazandy.

Şeýle hem Katardaky ýaryşa türkmen türgenleriniň 13-nji gatnaşýar. Olaryň arasynda Olimpiýa oýunlarynda kümüş medal gazanan Polina Gurýewa hem bar.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy