SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

BSGG-den sanjym maslahaty

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy koronawirusa garşy sanjymyň 2 dozasyny almagy maslahat berýär. Guramanyň immunizasiýa bölüminiň başlygy Keýt O’Braýen dürli sanjymlary ulanmagyň netijeleriniň entek öwrenilmändigini aýtdy.

Ol bu barada beren beýanatynda:”bu ugurda ylmy-barlaglar dowam edýär we ýakyn aýlarda bu barada maglumat alarys. Ýöne häzirlikçe, şol bir sanjymdan iki doza sanjym almagy maslahat berýäris” diýip belledi.

Sanjym edilenden soňra koronawirusdan goramagyň dowamlylygy baradaky sowala O’Braýen bu ugurda ylmy-barlaglaryň geçirilýändigini belläp, “COVID-19” ýokanjyna garşy sanjymlarynyň takmynan 1 ýyl mundan ozal işlenip düzülendigini, şonuň üçin  sanjymyň näçe wagta çenli goraglylygy babatda degişli işleriň geçirilýändigini belledi.

 

“Porsche” iň ýyndam ulagyny tanyÅŸdyrdy

 

Ýene-de okaň

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!