BIZNES

Bazar bahasy 1 trilliondan geçdi

ABŞ-nyň tehnologiýa kompaniýalaryna hataryna bazar bahasy 1 trillion dollardan geçen ýene-de biri goşuldy. “Facebook” kompaniýasynyň bazar kapitalizasiýasy ilkinji gezek 1 trillion dollar gowrak boldy.

Kaliforniýada ýerleşýän, takmynan 2,85 milliard ulanyjy bolan “Facebook” jemgyýetçilik media platformasy täze rekord goýdy. “Facebook”-yň bazar kapitalizasiýasy 1 trillion dollardan geçdi. Şeýlelikde, “Facebook” trillionerler klubynyň bäşinji agzasy boldy.

2012-nji ýylda gymmaty 104 milliard dollar bolan we ilkinji gezek birža çykan “Facebook” kompaniýasynyň paýnamalary 9 ýylda 10 esse gymmatlady.

Kompaniýanyň esaslandyryjysy we baş direktory Mark Sukerbergiň baýlygy hem 5 milliard dollar artyp, 128 milliard dollara ýetdi. Bu ösüş Sukerbergi dünýäniň 4-nji baý adamy derejesine göterdi.

“Apple”, “Alphabet” (Google), “Microsoft” we “Amazon” ýaly kompaniýalar soňky birnäçe ýylda bazar bahasyny 1 trillion dollardan gowrak ýokarlandyrmagy başardylar.

 

29-njy iýunda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Ermenistanyň farmasewtika kompaniýalary Türkmenistana eksportuny artdyrmagy meýilleşdirýär

“TikTok”-yň esaslandyryjy Hytaýyň iň baý adamy

Türkmenistan «Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady foruma gatnaşar

Türkmenistan-Gazagystan: haryt dolanyşygy 1 milliard dollara ýetiriler

IFT-2025: ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekildi

Ata Watan Eserleri

«Ýyldyz»  myhmanhanasynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar