SPORT

Ýewro-2020: Çehiýa Niderlandlary ýeňdi

Futbol boýunça Ýewropa çempionatynda garaşylmadyk netije bolup geçdi. 1/8 final tapgyrynda Çehiýanyň milli ýygyndysy Ýewropanyň güýçli ýygyndylaryndan Niderlandlaryň ýygyndysyny 2:0 hasabynda utdy.

Duşuşygyň birinji ýarymy 0:0 hasabynda tamamlandy. Ikinji ýarymynda duşuşygyň 54-nji minutynda russiýaly emin Sergeý Karasewiň niderlandly goragçy De Ligte gyzyl kart görkezip, oýundan çykardy. Şondan soňra oýun düýpgöter üýtgedi. Çehiýalylar duşuşygyň 68-nji minutynda Tomaş Holeş hem-de 80-nji minutda Patrik Şikiň gollary bilen ýeňdi.

Şeýlelikde, Ýewropa çempionatynyň  belki ilkinji garaşylmadyk netijesi bolup geçdi. Çehiýalylar 1/4 final tapgyryna çykdylar we bu final tapgyrynda Daniýanyň milli ýygyndysy bilen oýnarlar.

 

Türkmenistan Hytaýdan “COVID-19” sanjymyny satyn alar

 

Related posts

Lewandowski “Barselonada” oýnamakçy

Ata Watan Eserleri

TÝL-2024: Ilkinji ses berlişik dowam edýär

Gwardiol “Mançester Siti” topary bilen şertnamasyny uzaltdy

Ata Watan Eserleri