SPORT

Jokowiç ikinji gezek “Roland Garros”-da ýeňiji boldy

Tennis dünýäsiniň esasy ýaryşlarynyň biri hasaplanýan Fransiýanyň açyk çempionaty (Roland Garros) tamamlandy. Onda serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç ýeňiş gazandy. Ol final duşuşygynda gresiýaly garşydaşy Stefanos Sisipasy ýeňmegi başardy.

Duşuşyk 6:7 (6:8), 2:6, 6:3, 6:2, 6:4 hasabynda 34 ýaşly serbiýaly tennisçiniň peýdasyna tamamlandy. Ilkinji gezek 2004-nji ýyldan bäri Fransiýanyň açyk çempionatynda ýeňiji aýgytlaýjy tapgyrda mälim boldy.

Jokowiç bilen Sisipas 8-nji gezek duşuşdy. Serbiýaly tennisçi 6-njy gezek üstünlik gazandy. Sisipas ýarym finalda ildeşi Aleksandr Zwerewi ýeňen bolsa, Jokowiç bolsa 13 gezek “Roland Garros” ýaryşynda ýeňiji bolan ispan Rafael Nadaly ýeňdi.

jokowiç häzirki wagtda professional tennisçiler assosiasiýasynyň (ATP) sanawynda birinji orunda durýar. Ol bu möwsümde “Australian Open”  – “Uly tuwulga” ýaryşynda hem ýeňiji bolupdy

Serbiýa tennisçi 4 sany “Uly tuwulga” ýaryşlarynda 2 gezek ýeňiji bolmagy başaran ilkinji türgendir. Onuň hasabynda 19 ýeňiş bolup: 9 gezek “Australion Open”, 5 gezek Uimbldon, 3 gezek “US Open” we 2 gezek “Roland Garros” ýaryşlarynda ýeňiji bolmagy başardy.

“Roland Garros” – “Uly tuwulýa” ýaryşlarynyň möwsümdäki ikinji uly ýaryşydyr. Ýaryşyň pul baýragy 34 million ýewrodyr.

 

Kopa Amerika: Braziliýa ýeňiş bilen başlady

Ýene-de okaň

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy

Angliýa, Belgiýa we ABŞ 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynyň oýunlaryna 5 million janköýer gatnaşdy

Eldor Şomurodowyň goly toparçalaýyn tapgyryň iň owadan goly hasaplandy

Erling Holandly Norwegiýa 1/8 finalyna çykdy