«TikTok» gysga wideo programmasyny öndüriji «ByteDance» kompaniýasy ilkinji bolup 120 dollarlyk lampalary hödürläninden bäri «akylly» öý lampalarynyň meşhurlygy artdy. Ene-atalar eýýäm ilkinji aýda 10 müň lampa satyn aldylar.
Önümiň meşhurlygy «ByteDanceni» marketingini we bäsdeşlerini öz nusgalaryny çykarmagy güýçlendirmäge iterdi. Çyralar iki sany kamera bilen üpjün edilendir. Olaryň biri çaga seredýän, beýlekisi bolsa ýokardan görünýän bolup, ene-atalara çagalary okaýarka, uzakdan gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Her bir çyra emeli intellektiň kömegi bilen matematiki meseleler we kyn sözler barada maslahat berýän smartfon ölçegli ekran birikdirilendir. Çyranyň aýratyn görnüşleriniň biri bolsa çagalary nädogry hereket edenlerinde ene-atalara duýduryş we surat iberýär. Çyranyň bu görnüşi şu aýyň başynda Hytaýyň iň uly elektron söwda platformalarynda satuwa çykaryldy.