JEMGYÝET

Arktika hem gyzýar

Geçen hepde Arktika sebitlerinde howanyň temperaturasy 30 gradus maýyllykdan hem geçdi. Şeýlelikde, sowuk yklymdaky maýyllyk maý aýyndaky rekord derejä çykdy.

Angliýaly meteorolog Skot Dankan sebitiň temperaturasyny «maý aýy üçin geň galdyryjy» diýip häsiýetlendirdi. Aýdylmagyna görä, howanyň derejesiniň ýokarlanmagy sebäpli, Arktikada ebedi buzluklaryň eremegi atmosferada metanyň dargamagyna alyp barýar we global ýylylyga goşant goşýar.

Hünärmeniň pikiriçe, geljekde çalt gyzmaklyk sebäpli şeýle temperatura üýtgeýişlerini tiz-tiz görmek bolýar.

Ýakynda Antdaktidada hem ýer ýüzündäki iň uly aýsbergiň bölünip aýrylandygyny habar beripdik.

 

«Akylly» ekerançylyk boýunça hyzmatdaşlyk

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Adem Kula bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Antalýada duşuşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanda “Galkynyşgaz” döwlet kärhanasy dörediler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri Antalýada duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň daşary işler ministri Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri