Düýn Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» toý ýylymyzyň 12 — 16-njy maýy aralygynda yglan edilen «Türkmen teatr sungaty» atly teatr bäsleşiginiň ýapylyş dabarasy geçirildi. Dabarada bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Ýurdumyzyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatryndan badalga alan bäsleşikde görkezilen eserler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna hem-de Lebap welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine mynasyp sowgat boldy.
Ilki bilen, ýurdumyzyň teatrlarynyň bäsleşige hödürlän sahna eserleriniň çuňňur watansöýüjilige ýugrulandygyny bellemek gerek. Munuň şeýledigini Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň «Soltan hakykaty hakda rowaýat», Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň «Seýitnazar Seýdi», Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň «Watanym — seždegähim», Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň «Üç dana», Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň «Alpnama», A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň «Türkmeniň bagty», Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň «Arçman rowaýaty», Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň «Ömür daragty», Türkmen döwlet gurjak teatrynyň «Heňňamlaryň hekaýaty», Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň «Soltan Jelaletdin» atly sahna eserlerinden hem görmek bolýar.
Şeýlelikde, «Türkmen teatr sungaty» atly teatr bäsleşiginde iň gowy sahna oýny üçin 1-nji orna Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň «Ömür daragty», 2-nji orna Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň «Alpnama», 3-nji orna Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň «Arçman rowaýaty» sahna oýunlary mynasyp boldy.
Türkmenistan “smart-siti†taslamasynda Tatarystan bilen hyzmatdaşlyk eder