SPORT

“Ahal” topary AFK-nyň Kubogyny ýeňiş bilen başlady

AFK-nyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş edýän “Ahal” topary ilkinji geçiren duşuşygynda ýeňiş gazandy. Täjigistanyň “Rawşan” topary bilen duşuşan “Ahal” 3:1 hasabynda üstün çykdy. Bişkek şäherinde geçirilen duşuşykda ýurdumyzyň wise-çempionynyň düzüminde Elman Tagaýew (14-nji hem-de 18-nji minutlar) bilen Gurban Annaýew (63-nji minut) tapawutlandylar. Bu barada “tff.com.tm” saýtynda bellenilip geçilýär.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň wise-çempiony “Ahal” “E” toparçasynda çykyş edýär. Onuň toparçadaky garşydaşlarynyň Gyrgyz Respublikasynyň çempiony “Dordoý” bilen Täjigistanyň “Rawşan” toparlarydygyny ýatladýarys. “Ahal” topary toparçadaky ikinji duşuşygyny 17-nji maýda “Dordoýyň” garşysyna geçirer.

“Awazada” dynç almagyň tertibi

 

Related posts

Eriksen ahyry meýdançalara dolanýar

Ata Watan Eserleri

Günorta Koreýa dünýä çempionatyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Özbek futbolçy “Roma” toparyna geçip biler