SPORT

UFC guramasy çäreleriniň senelerini yza süýşirdi

UFC 249 ýaryşy çäreleriniñ senesi yza süýşürildi we bu hakda ýaryşyñ prezidenti Dana Waýt:”Men soñky güne çenli ýaryşyñ geçirilmeginiñ tarapynda boldum” diýip, belläp geçýär. UFC 249 ýaryşy 18-nji aprelda geçirilmelidi emma dünýäde käbir meseleleriñ ýüze çykmagyna görä, yza süýşürildi. Şol gün ýaryşda Habib Nurmagomedow bilen Toni Fergýuson güýçlerini synamalydylar, ýöne Habib, Fergýuson bilen duşuşygyny geçirmez sebäbi dünýäde käbir meseleleriñ ýüze çykmagy bilen Habiba öz ýurdynda galmaly diýip, karar berdiler. UFC guramasy Fergýusona täze garşydaş tapdy. Toni Fergýuson bilen Jastina Getži söweşmeli boldular. Umuman aýdylanda ýañky ýaryşyñ yza süýşürilmegi bilen Fergýuson we Getžiniñ tutluşygy, şeýle hem UFC guramasynyñ geçirmek göz öñüne tutulýan çäreleriniñ ählisini resmi taýdan yza süýşürildi.

Ýene-de okaň

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar

Fransiýa ilkinji ýarym finalçy boldy

Messiniň çempionatda 8 goly bar, Ronaldonyň ähli dünýä çempionatlaryndaky gol sany 7

Arbeloa «Fulhemiň» baş tälimçisi boldy

Şweysariýa çärýek finalda Argentina bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri