BIZNES

“Azerbaýjan “ paromynyň Türkmenistana ilkinji gatnawy

Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna täze “Azerbaýjan “ paromy geldi. Ol özüniň ilkinji ýüzüşini Türkmenistana iş gatnawy bilen başlady.

Bu döwrebap parom 2020-nji ýylda Bakuwyň gämi gurluşyk zawodynda “Azerbaýjanyň Hazar deňiz gämiçilik” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy boýunça guruldy. Ol ýolagçy gatnatmak hem-de demir ýol we awtoulaglary daşamak üçin niýetlenendir.

Hazaryň ýakasynda ýerleşýän iki goňşy ýurduň – Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasyndaky dostlugyň hem-de giňelýän hyzmatdaşlygyň özboluşly köprüsine öwrülen täze paromy garşylamak dabarasyna hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar.

Uzynlygy 154 metr bolan, 5,54 müň tonna ýük daşamaga ukyply parom ýurdumyza döwrebap tehnikalary getirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder