Hazar deňziniň türkmen bölegindäki 4 blokda iş alyp barýan daşary ýurt kompaniýalary Türkmenistandaky uglewodorod känlerini özleşdirmäge 19 milliard dollar möçberinde maýa goýdular. Bu barada “orient” neşirinde bellenilip geçildi.
Habarda bellenilişi ýaly, bu barada “Türkmennebit” döwlet konserniniň ýolbaşçysy Güýçgeldi Baýgeldiýew nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumda eden çykyşynda belläp geçdi.
“DRAGON OIL” kompaniýasy “Çeleken” şertnamalaýyn meýdanynda 2021-nji aprel aýynyň başyndaky maglumata laýyklykda 7,5 milliard dollara ýakyn maýa goýup, kompaniýanyň işe başlan döwründen bäri nebit çykarmagynyň umumy möçberi 49 million tonna barabar boldy.
Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasynyň umumy maýa goýumy 11 milliard dollara deň boldy. Kompaniýa Türkmenistanda işläp başlandan bäri 2,5 million tonnadan gowrak nebit we 9,5 million tonna kondensat çykardy. Tebigy gazyň çykarylyşy bolsa 27 milliard kubmetre deň bolup, onuň 25 milliard kubmetri eksport edildi.
2021-nji ýylyň 1-nji apreldäki ýagdaýa görä, “Buried Hill” kompaniýasynyň maýa goýumyň möçberi 155 million dollara, “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyňky bolsa 33 million dollardan gowrak boldy.
“Türkmennebit” döwlet konserni Hazar deňziniň türkmen bölegindäki uglewodorod serişdeleriniň özleşdirilmegi üçin maýa goýumlarynyň gönükdirilmegine ýokary baha berýär we halkara bilermenleriň baha bermegine görä, Hazar deňziniň türkmen böleginde 12,1 milliard tonna nebitiň we 6,1 trillion kubmetr tebigy gazyň gorunyň bardygy aýdylýar.