TEHNOLOGIÝA

Gan basyşyny ölçemek üçin akylly sagat

Hytaýyň dünýä belli “Xiaomi” kompaniýasynyň köpçülikleýin maliýeleşdiriş platformasynda “Hipee Smart Blood Pressure Watch” akylly sagadyny hödürledi, diýlip “ixbt.com” saýtynda habar berilýär. Sagadyň esasy aýratynlygy adyndan hem görnüşi ýaly, gan basyşyny ölçemek ukybydyr.

Sagadyň ep-eslije gaba korpusy bolup, sagadyň agramy 76 grama barabar.  Ulanyjy elini ýokaryk galdyryp, eliniň aýasyny döşüne goýanda gan basyşyny awtomatiki ölçäp bolýar. Bu menýudaky degişli elementi saýlamagyň zerurlygyny aradan aýyrýar.

“Hipee” sagady “Bluetooth” arkaly birigýär, zarýad bermek “mikroUSB” porty arkaly amala aşyrylýar, emma batareýanyň kuwwaty heniz habar berilmeýär.

 

 

 

Awtoulag sürüjilerinden «075» hyzmatyna uly gyzyklanma

 

 

Ýene-de okaň

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar