SIZDEN GELENLER

Haýwanlar dünýäni haýsy reňklerde görýär???

Haýwanlar janly tebigaty haýsy reňklerde görýär? Olar hem reňkleri adamlar ýaly saýgarýarmy? Haýwanat dünýäsi daşky gurşawyň gözelliklerini haýsy reňklerde kabul edýär?  Bu soraglar ählimiz üçin hem gyzykly bolsa gerek. Dünýäniň dürli ýurtlarynda alymlaryň geçiren ylmy barlaglarynyň esasynda haýwanlaryň bir böleginiň umuman reňk saýgarmaýandygy, käbirleriniň bolsa birnäçe reňkleri tanap bilýändigi anyklanyldy.

Itler, pişikler, guşlar, atlar, süýrenijiler  we başga jandarlar dünýäni dürli reňklerde saýgarýar, olaryň ählisiniň özlerine mahsus aýratyn görüş ulgamy bolýar.

Uzak ýyllaryň dowamynda adamlaryň arasynda öküzler diňe gyzyl reňki saýgarýandygy hakyndaky düşünjeler dowam edip gelipdir. Ýöne alymlaryň geçiren synaglarynyň esasynda öküzleriň, şol sanda sygyrlaryň hiç hilli reňk saýgaryp bilmeýändigi anyklanyldy. Olar daşky gurşawy ak-gara reňklerde görýär.

Towuklarda reňkli görüş ulgamy has  gowy ösen. Olar älemgoşaryň ähli reňkini saýgarmaga ukyply.

Balyklar, guşlar gyzyl reňki ýaşyl reňkden tapawutlandyryp bilmeýär.

Serçe daşky gurşawy gülgüne reňkde görýär. Gök reňki halamaýar. Ýalpyldaýan we öwüsýän reňklerden gorkýar.

Balarylar hem birnäçe reňkleri tapawutlandyryp bilýär. Ýöne olaryň görnüş aýratynlygyna baglylykda  görüş ulgamy ultramelewşe şöhleleriniň käbir reňklerini başga reňklerde kabul edýär. Meselem: gyzyl reňki gara reňkde, gara reňki bolsa ak reňkde görýär. Olary has hem özüne çekiji reňkler ak, sary we mawy reňkler hasaplanýar.

Pişikler edil adamlar ýaly dürli reňkleri görüp bilýär, ýöne dury däl. Olar çal reňkiň ähli öwüşgünlerini tapawutlandyryp bilýär. Ýaşyl we gyzyl reňkleri saýgarmaýar.

Haýwanat dünýäsinde ýene bir gyzykly maglumatlaryň biri adamyň iň ýakyn dosty hasaplanýan it hiç hilli reňk görmeýär. Dünýäni diňe ak-gara reňklerde görýär. Bu aýratynlyk akulalara hem mahsus.

Alakalar sary-gök we gök-ýaşyl reňklerden başga ähli reňkleri görýär. Syçanlar bolsa sary we gyzyl reňkleri görüp bilýär.

Atlar 4 reňki görýär. Iň gowy saýgarýan reňki sary, ondan soňra ýaşyl, mawy we gyzyl reňk hasaplanýar. Emma gök reňki görmeýär.

Geçiler we goýunlar hem edil atlar ýaly gök reňki şeýle hem gyzyl reňki  görüp bilmeýär.

Haýwanat dünýäsinde daşky gurşawy edil adamlaryň görýän reňklerinde görüp bilýän ýeke täk jandar maýmynlar hasaplanýar.

Pişikler

Guşlar

Atlar

 

Orazhan Kurbanowa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň  mugallymy

 

“Windows 10”-yň nyşanlary çalşylýar

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti