DÜNÝÄ

Baýdeniň ilkinji daşary ýurt sapary

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň ilkinji daşary ýurt saparyny şu ýylyň iýun aýynda Beýik Britaniýa bilen Belgiýa amala aşyrmagy meýilleşdirilýär. Prezidenti Baýden 11-14-nji iýuny aralygynda Beýik Britaniýada hem-de Belgiýada saparda bolar.

Ol bu saparynyň çäklerinde Uly-7-ligiň (ABŞ. Beýik Britaniýa, Italiýa, Kanada, Fransiýa, Germaniýa we Ýaponiýa) sammitine gatnaşar.

Prezident Baýden 11-13-nji iýunda Beýik Britaniýanyň Kornuoll ýarymadasynda geçiriljek sammitde ABŞ-nyň saglygy goraýyş, ykdysadyýetiň dikeldilmegi, howanyň üýtgemegine garşy göreş ýaly ugurlardaky garaýyşlaryny beýan eder.

14-nji iýunda Baýden Brýussele geçip, ol ýerde NATO-nyň sammitine gatnaşar. Şeýle hem ABŞ-ÝB arasyndaky ýokary derejedäki gepleşiklere gatnaşyp, sanly söwda we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny maslahatlaşar.

Kazandan uçar gatnawy bilen ýük ibermek

 

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň wekiliýeti üçin medeni maksatnama guraldy

Gruziýanyň Parlamentinde duşuşyk: parlamentara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary

ABŞ-nyň ýörite wekili Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

FAO-nyň Baş direktorynyň Türkmenistandaky duşuşyklary

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynda başlyklygy kabul etdi