TEHNOLOGIÝA

Ýylyň awtoulagy saýlandy

5 dürli kategoriýada berilýän “Ýylyň awtoulaglary” baýraklary gowşuryldy. Awtoulag pudagynyň öňdebaryjy baýraklarynyň biri hasaplanýan “Ýylyň awtoulagy” baýragynyň ýeňijileri 24 ýurtdan 90-dan gowrak awtoulag bilen gyzyklaýan žurnalistler tarapyndan kesgitlenýär.

Tutuş dünýäde “Ýylyň awtoulagy” baýragyny laýyk görülýän ulaglaryň bir ýylda azyndan 10 müň sanysynyň öndürilmegi hem-de iň azyndan 2 yklymda satuwynyň amala aşyrylmagy zerurlygy hem bardyr.

Üstümizdäki ýyl bu abraýly baýraga “Volkswagen” kompaniýasynyň “ID.4” kysymly elektrik togy bilen işleýän ulagy eýe boldy. Şeýlelikde german kompaniýasy bu abraýly baýragy gazanmakda öňdeligi eýeläp gelýär. Mundan ozal, bu kompaniýanyň 2009-njy hem-de 2013-nji ýyllarda “Golf”, 2010-njy ýylda “Polo” hem-de 2011-nji ýylda “UP!” kysymly awtoulaglary birinjiligi eýeläpdi.

Şeýle hem “Ýylyň awtoulagy” baýragyna beýleki kategoriýalarda birinji bolan ulaglar:

  • “Ýylyň iň gowy şäher awtoulagy” – “Honda E”.
  • “Ýylyň iň gowy kaşaň awtoulagy” – “Mercedes-Benz S”.
  • “Ýylyň iň gowy öndürijilikli awtoulagy” – “Porsche 911”
  • “Ýylyň iň oňat dizaýn awtoulagy”  – “Land Rover Defender”.

 

Türkmen alabaýlaryna gyzyklanma barha artýar

Related posts

Maşgala, är-aýal hakynda nakyllar Iňlis dilinde

Ata Watan Eserleri

Täze Watch GT 2e akylly sagaty çykdy

Ata Watan Eserleri

Internetiň Tizligini barlamak üçin

Dr.Döwran Orazgylyjov