BIZNES

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» forumy geçiriler

Şu ýylyň 12—13-nji maý aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» (OGT 2021) Halkara maýa goýum forumy geçiriler. Bu barada “oilgas.gov.tm” internet neşiri habar berýär.

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan «Turkmen forum» hojalyk jemgyýeti we «GaffneyCline» (Beýik Britaniýa) kompaniýalar topary forumy guraýjylar bolup çykyş edýärler. Oňa Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylary, öňdebaryjy halkara nebitgaz kompaniýalarynyň, iri halkara maliýe guramalarynyň wekilleri gatnaşarlar.

Şu ýylky forumy adaty we «Zoom Professional» platformasynyň binýadynda onlaýn görnüşinde geçirmek meýilleşdirilýär. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň mümkinçilikleri, ägirt uly kuwwatlyklary we bu ugurda sebit, dünýä derejesindäki taslamalary durmuşa geçirmekde eýeleýän orny, Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy, TOPH gaz geçirijisiniň ähmiýeti, Hazar deňziniň türkmen bölegine maýa goýumlaryny çekmek, gazhimiýa taslamalarynyň geljegi we başga-da wajyp wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar.

Forumyň ýörite web sahypasynda (www.ogt-turkmenistan.com) bu halkara derejesindäki ähmiýetli çäre barada giňişleýin maglumatlar berilýär.

Türkmenistan BMG-niň ÝYK-niň wise başlyklygyna saýlandy

Ýene-de okaň

Russiýa bilen Türkmenistan gara metallaryň önümçiliginiň üstünde işleýärler

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Russiýa” senagat ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmen telekeçileriniň London şäherine iş sapary guralar

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi