Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gysga wagtyň içinde goňşy ýurtlar we dünýäniň ösen döwletleri bilen ýakyn aragatnaşygy ýola goýup, parahatçylyk we ynsanperwerlik çäreleriniň ençemesini amala aşyrmak arkaly, Türkmenistany dünýä tanatdy. Ol döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden başlap yurt ähmiýetli, il bähbitli her bir täzeligiň başyny başlaýjy boldy we ony iş ýüzünde durmuşa ornaşdyrmak bilen halkyň ynamyny gazanmagy başardy. Muňa ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ylym-bilim özgertmeleri, oba hojalygyndaky, ulag we aragatnaşyk ulgamyndaky, milli medeniýetimizi täzeden dikeltmekdäki hem-de beýleki birnäçe ugurlar boýunça durmuşa geçirilýän işler mysal bolup biler
Bu aýdylanlar biziň milli baýlygymyz bolan ahalteke bedewlerimizi köpeltmek, ösdürip ýetişdirmek we terbiýelemek baradaky alnyp barylýan işlere-de degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda öňki aýlawyň durky täzelenip, Aşgabadyň gözel künjegi bolan Köpetdagyň eteginden täze Ahalteke atçylyk toplumy gurlup ulanylmaga berilip eýýäm bir näçe ýyl bäri hyzmat edýär.. Şeýle toplumlaryň ähli welaýatlarda-da döretmägi, paýtagtymyzdaky sirkiň binasynyň durkuny täzeläp, döwrebaplaşdyryp, at üstünde oýnaýan artistlerimiziň çykyşlarynyň täzeden dikeltmegi il bähbidinden ugur alýan çärelerdir. Häzir türkmen atly ýigitleri at üstünde dürli oýunlary çalasynlyk bilen ýerine ýetirmek arkaly öz tomaşaçylaryny haýrana goýýarlar. Olar eýýäm daşary ýurtlaryňam birnäçesinde bolmak bilen, öz ussatlyklaryny görkezdiler.
Türkmen halky öz durmuşyny bedew atsyz göz öňüne getirmändir. Türkmen aga şatlykly gününde dabaraly toý tutup, at çapdyrypdyr. Watanyň üstüne howp abananda hem özüniň bedew atyna atlanyp, darkaş gurapdyr. Ol şunuň ýaly ýagdaýda bedew atyny özüne gardaş hasaplapdyr. Türkmen halkynyň zehini bilen döredilen we terbiýelenen ahalteke bedewleriniň şöhraty dünýä ýüzünde has hem beýikdir. „Asman aty“ hasaplanan ahal-teke bedewleriniň şan-şöhraty bilen baglanyşykly wakalar ХХ asyrda hem bolup geçýär. Şolaryň biri hem 1935-nji ýylda geçirilen Aşgabat – Moskwa atly ýörişidir. Olar 2500 mil aralygy 84 günde geçip, ýyndamlygyň we çydamlylygyň ajaýyp nusgasyny görkezdiler. Şonuň 225 mil aralygyny Garagumuň suwsuz çöllüginden 3 günde geçmegi başarypdyrlar.
Hormatly Prezidentimiz özüniň: „Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şohratymyz” atly kitabynda “Bu dünýäde çapylýan bedew atlaryň ähli görnüşli tohumlarynyň, şol sanda arap, iňlis atlarynyň hem ahalteke bedewlerinden gelip çykandyklaryny tassyklaýan maglumatlar bar“ diýip belleýär.
ХХ asyr türkmen edebiýatynda hem bedew atyň şowly keşpleri döredildi. Munuň özi türkmen halkynyň at bilen bagry badaşandygyny görkezýär. Mundan başga-da Ata Gowşudow özüniň „Dordepel“ hekaýasynda owadan, düşbi, ýyndam ahalteke bedewiniň keşbini döretmegi başarypdyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň milli buýsanjymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi bolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmäge we ony terbiýelemäge uly üns berilýär. 2008-nji ýylda „Türkmenatlary“ döwlet birleşigi döredildi. 2009-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden „Gözellik bäsleşigi“ geçirilip gelinýär. Onda ýeňiji bolan bedewlere gymmatbahaly sowgatlar gowşurylýar. 2010-njy ýylda „Halkara ahalteke atçylyk assosiaýasy döredilip, oňa hormatly Prezidentimiziň özüniň başlyklyk etmegi guwandyryjy ýagdaýdyr.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda her ýyl „Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty“ atly halkara maslahaty geçirilip durulýar. Häzir ýurdumyzyň okuw jaýlarynda sirk artistlerini we çapyksuwarlary taýýarlamaklyga-da uly üns berilýär. Şeýlelikde, geljekde atçylyk sporty we şu ugurdan hünärmenleriň sany artýar. Munuň özi öz gezeginde pajarlap ösüp barýan gözel diýarymyzyň şan-şöhratyny has hem belende galdyrar. Jemläp aýdanymyzda, bu geçirilýän çäreler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak barada edýän atalyk aladasynyň netijesidir.
Hormatly Arkadag Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin.
Amangeldi HOJAMBERDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy