DÜNÝÄ

Baýden ― Putin duşuşygynyň bolmagyna garaşylýar

Ýakyn aýlarda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň ýüzbe-ýüz duşuşygy bolmagy ahmal. Bu barada Jo Baýden bilen Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşlikde karara gelindi ― diýip, Ak tamyň metbugat gullugy habar berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda bu teklip bilen russiýaly kärdeşine Jo Baýden ýüzlendi.

ABŞ-nyň ýolbaşçysy bu duşuşygy ýakyn aýlarda geçirmegi we oňa üçünji bir döwletiň hem goşulmagyny hem teklip etdi. Ýöne şol üçünji döwlet heniz mälim däl.

Meýilleşdirilýän duşuşygyň esasy mowzugy Russiýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar bolar.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Baýden Russiýa bilen Ukrainanyň serhedindäki ýagdaýlardan hem howatyrlanýandygyny aýtdy.

 

Olimpiýa oýunlaryna 100 gün galdy

 

 

Ýene-de okaň

Tokaýew we Putin sürüjisiz awtoulagyň gatnaw taslamasyna badalga berdi

Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilen halkara suw maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Kubanyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Germaniýanyň döwlet ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda duşuşdy