SIZDEN GELENLER

Düzüminde nikel toplaýan ösümlik

Gözlegçiler Awstraliýada hem-de Filippinlerde düzüminde nikel toplamaga ukyply bolan ösümligiň üstünden bardylar. Alymlar tarapyndan tapylan ösümligiň ady Rinorea niccolifera bolup, baldagynyň diametri 3-den 13 sm-e çenli, beýikligi 1,5-1,8 metr bolan kiçi boýly agaçdyr. Miweleriniň göwrümi kiçi, ýagny 1-3 sm deň. Geçirilen barlaglara görä, ösümligiň ýapragynda nikeliň konsentrasiýasy 1,8% çenli. Bu görkeziji beýleki ösümlikleriňki bilen deňeşdirilende ýokary görkezijidir. Ol ady agzalan ýurtlaryň günbatar böleginde, beýikligi 320-825 metr bolan jülgeleriň gaýalarynda ösýär. Bu sebitiň topraklary düzümi boýunça agyr metallara baý bolup, damarly ösümlikleriň 450-den gowrak görnüşi bar. Toprak-howa şertleriniň hem belli bir derejede täsir etmeginde Rinorea niccolifera ýaly ösümlikler baldaklarynda metal ýygnamaga ukyply bolýar. Maglumata görä, ýüze çykarylan ösümlik toprakdaky agyr we beýleki metallary özüne almak bilen olaryň toprakda artykmaç toplanmagynyň öňüni alýar, netijede toprak tebigy ýol bilen arassalanýar. Şeýle topraklarda Rinorea niccolifera ýaly ösümlikleri ösdürip, olaryň uýgunlaşmagyny gazanmak arkaly gurşaw üçin peýdaly bolan ýagdaýlary döredip boljakdygy ikuçsyzdyr.

 

Oguljeren Hudaýnazarowa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

 

Müsürde 3 müň ýyllyk altyn şäher tapyldy

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi