SIZDEN GELENLER

Mindalyň witaminleri we aýratynlyklary

Mindal diňe bir hoşboý ysly we sagdyn şänikli maňyz bolman . Şeýle hem, bahar paslynda ýakymly ysly gülleri bilen köpleri haýran galdyrýan miweli agaçdyr.Mindalyň gülleýän döwri gören köpler öz öýlerinde ekmek üçin uly isleg bildirýärler. Mindali gaýtadan işläp birnäçe iýmit önümler öndürilýär.Oňa mysal edip mindal ýagyny görkezip bileris. Mindaly ösdürmek we oňa ideg etmek örän ýönekeýdir, ýöne biziň döwrümizde ösdürilip ýetişdirilýän köp görnüşleri gyş paslynyň aýazly sowugyna çydamly bolmanlygy sebäpli  adatça ekişiň birinji ýylynda sowuk alyp bilýär . Bu makalada mindalyň düzümindäki peýdaly witaminleri agzap geçeris.

Irki gülleýän mindal agajy aýazlara duýgur. 8 ° -10 ° temperaturada gülläp başlaýar we 15 ° C-de agaç 10-15 günde gülleýär. 12 ° C-den pes temperaturalar polen turbasynyň ösüşini haýalladýar. Mindalyň örän berk kök ulgamy bar, şonuň üçin guraklyga, daş topraga öran çydamlydyr.

Bu tagamly mindal tohumlarynyň dänelerinde ýag  (40-60% -e çenli), belok maddalary (takmynan 30%), witaminler, reňkleýji maddalar – karotin, likopen şeýle hem efir ýagy (0,5) bardyr.

100 g mindalyň ýokumlylygy

  • Energiýa bahasy 576 kkal 2408 kJ
  • Suw 4.70 gr
  • Beloklar 18,6 gr
  • Uglewodlar 21,67 gr
  • krahmal 0,74 gr
  • şeker 3,89 gr
  • iýmit süýümi 12,2 gr
  • Tiamin (B1) 0,211 mg
  • Riboflawin (B2) 1,014 mg
  • Niasin (B3) 3,385 mg
  • Pantoten kislotasy (B5) 0,469 mg
  • Piridoksin (B6) 0,143 mg
  • Folasin (B9) 50 μg
  • Tokoferol (Wit. E) 26,22 mg
  • Kalsiý 264 mg
  • Demir 3,72 mg
  • Magniý 268 mg
  • Fosfor 484 mg
  • Kaliý 705 mg

 

Adam saglygyna peýdaly bu miweli baglaryň tohumçylyk işleri hem häzirki wagtda ýurtda we dünýäde gyzgalaňly alnyp barylýar.

 

MÄMMETBAÝEW ALYMŞA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň talyby

 

Terjime etmek funksiýasyny kämilleşdirdi

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti