BIZNES

Türkmenistan Gagauziýa bilen täze senagat taslamalaryny durmuşa geçirer

Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Ataýew Moldowanyň Gagauz awtonomiýasynyň ýolbaşçysy Irina Wlah bilen onlaýn gepleşikleri geçirdi. Bu barada «Gagauzinfo» habarlar portaly ýazýar.

Gagauz ýolbaşçysy ilçini diplomatik wezipesine girişmegi bilen gutlap, oňa halklaryň dostlugyny berkitmekdäki işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Taraplar dünýädäki ykdysady ýagdaýlara uly täsir eden koronawirus çökgünligine garşy göreş barada hem pikir alyşdylar.

Şeýle hem Irina Wlah 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Gagauziýanyň Çişmikoý obasynda çagalar bagynyň gurlandygyny aýdyp, munuň üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirdi.

Gepleşikleriň çäginde Türkmenistan bilen Gagauziýanyň arasynda senagat taslamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Gagauz we türkmen halklary dil we medeniýet taýdan biri-birine ýakyn. Ynsanperwer meseleler boýunça hyzmatdaşlykda hem baý tejribämiz bar. Biz bu mümkinçilikleriň hemmesini ulanmaga gyzyklanma bildirýäris. Gagauziýanyň ösýän senagat mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, aragatnaşygy güýçlendirmek, uzak möhletleýin ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak we ykdysadyýete maýa goýumlaryny çekmek isleýäris» diýip, gepleşikleriň barşynda Gagauziýanyň ýolbaşçysy belledi.

Ilçi Toýly Ataýew öz gezeginde Türkmenistanyň Gagauziýa awtonomiýasy bilen köptaraplaýyn gatnaşyklara mundan beýläk hem taýýardygyny aýtdy.

 

Mars planetasynda dikuçar uçurylar

 

 

 

Related posts

Dünya Halter Şampiyonası bugün başlıyor : Canlı Yayın Kanalları

vepa

TIF 2026: türkmen işewürleri Mitsubishi, John Deere ýa-da Samsung bilen duşuşygy nähili belläp bilerler we bu işi näme üçin şu günden amala aşyrmaly

Stambulda 2024-nji ýylyň noýabrynda iň uly halal sergisi açylar