SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Russiýanyň täze sanjymy raýat dolanyşygyna çykýar

Russiýanyň M.P.Çumakow adyndaky ylmy merkeziniň işläp düzen “Kowiwak” sanjymynyň raýat dolanyşygyna goýberiljekdigi mälim edildi. Bu işler şu ýylyň 28-nji martynda başlaýar.

Russiýanyň wise-premýeri Tatýana Golikowa habarçylara beren beýanatynda bu barada belläp geçdi. Ol täze rus sanjymynyň ilkinjileriniň ulanyşyga goýberiljekdigini belledi.

Şeýle hem ol aprel aýynda “Sputnik V” sanjymynyň 12 million dozadan gowragynyň rus raýatlaryna elýeterli boljakdygyny belledi.

Häzirki wagtda Russiýa tarapyndan işlenip düzülen koronawirus ýokanjyna degişli 3 sanjym bar. Olar: “Sputnik V”, “Epiwakkorona” hem-de “Kowiwak” sanjymlarydyr.

“Sputnik V” sanjymy Türkmenistan döwletimiz bilen bir hatarda 55 döwletde bellige alyndy.

Putin hem sanjym bolar

Related posts

THY: sentýabr aýynda Türkmenistan ugry boýunça hepdede 2 ýörite uçar gatnawy

Ata Watan Eserleri

“Omikron” 23 döwletde ýüze çykdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda halkara syýahatçylyk maslahaty geçiriler