TEHNOLOGIÝA

Audio kassetany oýlap tapan inžener aradan çykdy

Aýdym-saz sungatynda yz goýan niderlandly inžener Lu Otens 94 ýaşynda aradan çykdy. Otens 1960-njy ýyllarda “Philips” kompaniýasynda zähmet çekýärkä, ol audio kassetasyny öndüripdir. 1963-nji ýylda Berlin radioelektron bazarynda hödürlenenden soňra, kassetalar aýdym-saz pudagynda ägirt üýtgeşme boldy. 1960-njy ýyllar töweregi dünýäde 100 milliarddan gowrak audio kasseta satylypdyr. Has hem 1990-2000-nji ýylar aralygynda kassetalar meşhurlyga eýe bolupdyr. Mundan başga-da “The Killers” aýdym topary we Lady Gaga ýaly aýdymçylar özleriniň aýdymlarynyň birnäçesini bu kassetalara ýazdyrypdyrlar. Şeýle hem Otens 1980-nji ýyllarda ykjam diskleri öndürmekde hem uly goşant goşupdyr. Dünýäde 200 milliardan gowrak CD ykjam diskler hem satylypdyr. Häzirki wagtda audio kassetalar täze döreýän tehnologiýalara we aýdym-sazyň sanly mediýa gyzyklanma döretmeýär.

 

“Apple” kompaniýasy Germaniýa maýa goýar

 

 

Related posts

Iňlis dilini has aňsat öwreneliň: Intellektual sahypamyz

Ata Watan Eserleri

“Boeing”: awiasiýa üçin 20 ýylda 2 milliondan gowrak hünärmen gerek

Aşgabatda «Ýaş inžener — 2026» atly bäsleşik geçirildi