BIZNES

Türkmenistanyň Söwda öýi türkmen-tatar söwda gatnaşyklaryny ösdürer

Kazanda Türkmenistanyň söwda öýüni döretmek baradaky gepleşikler jemleýji tapgyrlarda barýar

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti ýurdumyzyň Kazan şäherinde Söwda öýüni döretmek baradaky işleriň jemleýji tapgyrda barýandygyny habar berdi.

«Türkmendaşarysöwda» kärhanasynyň wekilleriniň «Tatneft söwda-tehniki öýüniň» ýolbaşçylary bilen geçiren onlaýn duşuşygynda bu mesele ýene bir ýola ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşiklere ýurdumyzyň Kazandaky Baş konsuly Atadurdy Baýramow hem gatnaşdy.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryna ýokary baha berildi. Şeýle hem bu gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine seredildi. Şunda Kazan şäherinde dörediljek Türkmenistanyň Söwda öýi uly ähmiýete eýe bolar. Ol türkmen önümlerini rus we Ýewropa bazaryna çykarmak üçin hem täze mümkinçilik bolar.

 

“Makul Hyzmat Terjime”: Intellektual telekeçilik başlangyçlary

 

 

 

Related posts

Dünýädäki iň uly gara göwher auksiona çykdy

Ata Watan Eserleri

Geçen 4 aýda türkmen-eýran söwda dolanyşygy 150 million dollara deň boldy

Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini işläp düzmäge girişilýär