2021-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Owganystanyň Milli Yslam Hereketi partiýasynyň ýolbaşçysy Marşal Abdul Raşid Dostum bilen duşuşygy geçirildi.
Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda netijeli türkmen-owgan özara hereketleriniň gün tertibi boýunça pikirler alyşyldy. Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň ähli ugurlarda durmuşa geçirilmegi maksady bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändigi bellenildi.
OMYH partiýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň baştutanynyň goňşy doganlyk ýurtda parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy, şeýle-de Owganystanyň hem-de onuň halkynyň durnukly ykdysady ösüş ýoluna integrirlenmegi boýunça tagallarynyň ähmiýetini aýratyn belläp geçdi.
Bu ugurda Türkmenistanyň Prezidentiniň owgan tarapynyň işjeň çekilmegi bilen netijeli sebitleýin özara hereketleriň işjeňleşdirilmegine we ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlaryna ýokary baha berildi.
Taraplar energetika, kommunikasiýa, ulag we beýleki ugurly taslamalaryň dessin durmuşa geçirilmegi babatynda bilelikdäki tagallaryň utgaşdyrylmagyna ygrarlydyklaryny nygtadylar. Şunlukda TOPH gaz geçirijisiniň, TOP elektrik geçirijisiniň, şeýle-de Türkmenistandan Owganystana täze demir ýollarynyň çekilmegi ýaly geljegi uly taslamalaryň öz wagtynda we talabalaýyk durmuşa geçirilmegine özara gyzyklanma bildirildi.
Söhbetdeşligiň çäklerinde taraplar Türkmenistan tarapyndan Owganystanyň we tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan has hem ösdürilmegine gönükdirilen iri möçberli infrastruktuta taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň derwaýys häsiýetini belläp geçdiler. Mälim bolşy ýaly, bu desgalar ykdysady taýdan täsirli bolan iş ýerileriniň döredilmegine, şol bir wagtyň özünde hem ägirt uly göwrümli taslamalaryň durmuşa geçirilýän sebitlerindäki ilatyň bagtyýar durmuşynyň has-da ösdürilmegine gönükdirilen bolup durýandyr.
Türkmen tarapy parahatçylykly owganara gepleşikleriniň ilerledilmegi maksady bilen işjeň özara hereketleri dowam etmäge, şol sanda onuň geljekki tapgyrlarynyň geçirilmegi üçin özüniň syýasy giňişligini bermäge taýýarlygyny ýene-de bir gezek tassyklady.
Gepleşikleriň barşynda taraplar tutuş sebitde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň gazanylmagy ugrunda degişli gurallaryň has hem güýçlendirilmeginiň we kämilleşdirilmeginiň zerurlygyny aýratyn nygtadylar.
Leýli Ökdirowa :Ýyldyza öwrülen zehin