Şu ýylyň tomsunda koronawirus ýokanjyna garamazdan, Olimpiýa oýunlary geçiriler. Bu barada “Tokio-2020” oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçysy Ýoşiro Mori habar berdi. Ol ýurdy dolandyrýan Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirenden soňra şeýle beýanat bilen çykyş etdi:
– Koronawirus ýagdaýy nähili bolsa-da, oýunlary geçireris. Oýunlary geçirip-geçirmejekdigimiz barada maslahatlaşmagyň ýerine, ony nädip gurnamalydygymyzy ara alyp maslahatlaşalyň. Olimpiýa oýunlarynyň täze görnüşini oýlap tapmak mümkinçiligimiz bar.
Häzirki wagtda Ýaponiýada koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly ýagdaý çylşyrymly bolmagynda galýar. Bu kesel bilen keselleýänleriň sany artýar, adatdan daşary ýagdaýlar 7-nji mara çenli uzadyldy. Ýurduň köp sanly raýatlary şeýle ýagdaýlarda Olimpiýa oýunlaryny geçirmegiň näderejede talabalaýykdygy barada ikirjiňlenýärler.
Ýoşiro Mori koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek bilen oýunlary geçirmäge taýýarlygyň dowam etjekdigini belledi.
Olimpiýa alawy Gresiýadan Ýaponiýa 2020-nji ýylyň 20-nji martynda gelipdi. Şondan 4 günden soňra pandemiýa sebäpli Olimpiýa oýunlarynyň geçirilmeli möhleti 1 ýyl yza süýşürilipdi. Olimpiýa oýunlaryny şu ýylyň iýul-awgust aýlarynda geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Şu ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda, Ýaponiýanyň Premýer-ministr Ýosihida Suga Dawosda geçirilen forumda eden çykyşynda şu tomus Tokioda Olimpiýa oýunlaryny geçirmegiň gaty möhümdigini aýtdy, sebäbi bu adamzadyň COVID-19 üstündäki ýeňşini alamatlandyrar.
Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!