Meniň türkmen,dünýä, Gündogar edebiýaty bilen degdim-gaçdym tanyşlygym bar. Edebiýatyň ady belli läheňleriniň eserlerini okanyňda täze älemiň, täze durmuşyň, täze gözelligiň üstünden düşen ýaly gözýetimiň, dünýägaraýşyň öreýär. Emma külli türkmeniň başynyň täji, ýüzüniň tuwagy, göz-guwanjy, buýsanjy, şygryýet äleminiň deňsiz-taýsyz pälwany, tapylgysyz söz ussady, beýik akyldar, dana şahyrymyz Magtymguly-Pyragynyň diwanyny okanyňda welin, seni söz bilen aňsat-aňsat düşündirip bolmajak belentden-belent, inçeden-inçe, şirinden-şirin sanýetmez duýgular gurşap alýar. Aga-gara, ýagşy-ýamana parh goýýan okyjy onuň kitaplaryny bir okap, iki okap, hat-da onlarça ýola okabam “Indi bes edeýin-le şuny” diýip aňry süýşirmäge bogny ysmasa gerek. Çünki ol eserler gyzyla gaplaýmaly çuň we giň manyly keramatly ruhy hazyna. Häzirki döwürde haýsydyr bir kesgitli ylmyň bir şahasyny düýpli öwrenen alyma ylymlaryň doktory diýilýär. Ynsanperwer şahyrymyza bolsa diňe bir ylmyň däl, aşa köp, meselem, filosofiýa, filologiýa, teologiýa, pediologiýa, sosiologiýa, geologiýa, astronomiýa… ýaly ylymlaryň hormatly doktory, çür depesi diýilse-de gelişmän durmazdy. Onuň bilmeýän, aýtmaýan zady ýok. Şeýle hem ol mukaddes Kurany-kerimiň, Hadysyň, şerigatyň, rowaýatlaryň many-mazmunyny arap-pars dillerinden çeper, juda çeper goşgularyň üsti bilen ene diline geçirip, wagtynda çala sowat halkyny dini, ahlak gymmatlyklar bilen içgin tanyşdyryp, öwüt, wagyz edip, haýyr, sogap, alkyş gazanan alym, ahun, kazy, işan, dilmaç şahyrdyr. Ol ýöne-möne adam däl, boljagy, geljegi öňünden bilýän weli, arkaly, asylzada, ýagşyzada… Bu owadan sözleri “Şahyry magtamaýan ýok, menem il deňinden galmaýyn-la diýip ,şowruga, ada kowalaşyp ýa başga bir bähbidi arap galama ýapyşamok. Onuň eserlerinden öz ýanymdan beter erbet baş çykarýan dälmikäm öýdüp, janym bilen, aňrym bilen aýdýaryn, ol meniň üçin adaty bir şahyr däl. Sygynýanym togap edýänim, ýykylýanym, geňeşdarym, hemme zadym. Onsoňam şahyryň ýene bir aýratynlygy bar. Öňki galam tutan, adygan pederlerimiziň arasynda ol ilkinji bolup, döredijiliginde öz ene diline bil baglan, ony baýlaşdyran, ösdüren, beýgelden dilçi şahyrdyr. Gör onuň welilik bilen aýdýanlaryny:
Sözüm ýerde galmaz,diýjegim geler
Sözi agzyma Hak salar.
Ol özüniň adynyň bütin dünýä ýaýrap, eserleriniň dürli dillere terjime edilip, jümle-jahana doljagynam öňünden bilipdir.
Ismim düşdi ilden-ile,
Nagyş ederler dilden-dile.
Arş üstünde mekan tutan,
Ajap destanym bar meniň.
Men şahyryň goşgularynyň köpüsini ýatdan bilýän. Bu bolsa maňa mugallymçylyk işimde wagtynda bahasyna ýetip bolmajak kömek edipdi. Men elli ýyldan gowrak wagt oba mekdebinde çagalara ylym-bilim, edep-ekram öwretdim. Olary adam ýaly ýaşamaga, işlemäge gönükdirdim. Pedagogik işimde neneňsi at-abraý gazanan bolsam, şonda türkmen edebiýatynyň parlak ýyldyzynyň, beýik akyldaryň çäksiz goşandy bardyr. Çünki men mümkin bolan ähli sapaklarymda, okuwçylar bilen geçirýän gürrüňdeşliklerimde, terbiýeçilik işlerimde onuň pähim-paýhasa ýugrylan goşgularyndan, döwletli nesihatlaryndan haýyrlanypdym. Sebäbi ol eserler sözüň gysga manysynda ýöne bir eserler bolman, sapak, edim-bilim, öwüt-ündew, ülňi, görelde, durmuş, terbiýe.
Watany, il-güni söýmegi, agzybirligi, dogruçyllygy, mertligi, wepalylygy, ata-ogul, dost-dogan gatnaşygyny, rehimdarlygy, sahylygy, halallygy, alkyş almagy, pähim-paýhaslylygy, geçirimliligi, öwüt-ündewi, sabyrlylygy, şükürliligi, kanagatlylygy, dünýä akyl ýetirmegi, erbet endiklerden gaça durmaklygy, aýal-gyz edebi, pespälligi, ula hormat, kiçä agyryk etmegi, imanlylygy…şondan ökde, şondan ynandyryjy haýsy şahyr aýdyp bildikä”?! Meniňçe hiç kim.Indi-de… Ol ýene-de mugallym. Onda-da mugallymlaryň mugallymy. Men ýaşy bir çene baran, çarkandakly durmuş ýolunda ençeme şatyny, ençeme hupbaty başdan geçiren kişi. Şeýle ýaşda sen köpüň adamy bolmaly. Galyň bendäň toýuna, beýlekisine görünmeli, sadakalaryna gatnaşmaly. Köpüň gülen ýerine gülüp, aglan ýerine aglamaly.Ýardam etmeli. Ýardamam iki tüýsli bolýar. Ruhy ýardam, maddy ýardam. Ruhy ýardama gezek gelende Magtymguly medetkärimize taý gelen bolmaz:
Goldan gelen ýagşy işiň bolmasa,
Köňül içre ýagşy niýet ýagşydyr.
Onuň goşgylary saňa ruhy azyk, hemaýat, goldaw.
Hudaýa şükür, meniň işläp gaýdan, dogduk depäm Çagyl obasynda ýekeje-de neşekeş ýok .Agzybirlik, arkadaşlyk. Goňsy obalarymyzyň birinde ata-enesi, doganlary bilen baryşmaýan aklyny araga aldyran bir alkaş bardy. Işlemeýärdi, çagalarynam elini kesewi, saçyny sübse edip gelni görgüli ekleýärdi. Alkaş utanman, ile elini serip, oňşuk üçin däl, zährimar üçin pul soraýardy. Bir gün onuň ýoly biziň öýümize-de düşdi. Keýwanyň ikimiz ony gadyrly garşyladyk.Çaý-nahar başynda mylakatly gepleşdik.Gepden-gep çykanda pursat arap, Magtymguly şahyryň oňa täsir edip biläýjek şygyrlarynyň ýek-ýarymyny ýatdan aýdyp berdim,
Ýagşy oguldan rähnet arygy akar,
Lagnatkerde ogul boldy, bolmady.
Ynjytsa ogul-gyz ene-atasyn,
Toba etmeý, hak geçirmez hatasyn.
Hoş günüňde hoşlaşyban gezmäge,
Baryşmaga, gelişmäge ýat ýagşy.
Gam günüňde, galmagalyň üstünde,
Dogan ýagşy,gardaş ýagşy, zat ýagşy.
Şahyryň “Azadym kany” , “Atamyň”, “Abdylla” zeýilli goşgulary alkaşyň janyna batdymy-nämemi, ol birden gözlerine ýaş aýlap, kemiş-kemiş etdi. Zordan dillendi.-Kitaby bar bolsa şony maňa bersene, mugallym. Bir ine-gana oturyp okaýyn-la ! Berip goýberdim. Üç-dört aý çemesi wagtdan soňra ol ýene öýümize dolanyp geldi. Indi ol başga hili adam. Eti-gany ýerinde, ýüz-gözünden nur ýagýar. Ol kitaby maňlaýyna sylyp,şadyýan dillendi:
-Sag bol mugallym! Iman baýlygy berilsin Magtymguly atamyzyňam.Siz meni adam etdiňiz. Aragy kes-kelläm goýdum, işe-de ýerleşdim. Bir süri dowaryň ykbalyny ynandylar.Özümiziňkiler bilenem allanäme boluşdyk.
Biziň jelagaýlarymyzda öňräk ýylaşa gurak geldi. Bu bolsa maldarlaryň işini kynlaşdyrdy.Şonda käbir ýaş çopanlar maldarçylygy, ata-baba kesp-kärlerini şäherlere göçmekçi boldylar. Beýdilse ençeme sürüler çopansyz galjakdy. Şonda oba ýaşulylary bolup aýaga galmaly bolduk. Munda-da beýik pähimdarymyz kömege ýetişdi:
Eşit adam dogan ilden,
Gaýry mähriban ýurt bolmaz.
Ulalaňda iş hoş ýakmaz,
Ýaşlykda köýmän ýigide.
Hak pygamber-halk bizardyr,
Düýbi ygtybarsyz ärden.
Bir akan ýerinden akarmyş aryk,
Bir tendäki adam semiz,kä aryk.
Başga-da edebi kerwenbaşlarymyzyň köp goşgylary okaldy, düşündirildi.Şahyryň sözi ýer tutdy, göçen bolmady.
“Berkarar döwlet islärin” diýýän şahyryň Watan, il-ulus söýüjiligini “Türkmeniň” diýen waspnamasy has belende göterýär.Ol eser seni Watanyňa, onuň merdana adamlaryna, tebigatyna guwanmaga, buýsanmaga ruhlandyrýar. Beýik söz ussady eserlerinde “bahyl” sözüni köp ullanýar. Käbir adamlar ony “görüp” sözüniň sinonimi öýdýärler. Ol gelip çykyşy boýunça arap kelamy bolmaly. “Gysganç, husyt” diýen manysy bar. Onuň berimsiz baýlara niýetlenen söz bolmagy ähtimal. Ine onuň bahyllara niýetläp aýdanlaryndan käbir setirler:
Howada ýagmazak meňzär buluda,
Her kimiň hümmeti, haýry bolmasa.
Gelen aş diýip gelmez, turşutmagyl ýüz,
Nana mätäç däldir, söze myhmandyr.
Görden çykyp geler boldy bahyllar,
Pany jahan içre kän sersin aňsa.
Niýeti ýamandyr,bahyl mal ýygar,
Iýe bilmez, her dem rysgalyn bozar.
Beýik akyldar şahyrymyz halal-haramdan ýygnan mal-mülküne buýsanyp, gözi ýer görmän heşelle kakýanlary, gopbamsylary, men-menlik edýänleri halamaýar, adamkärçilige, pes-pällige çagyrýar.
Tapsaň-da dünýäde mülki Isgender,
Karunyň maly hem bolsa miýesser,
Ahyry bolar sen ýerge barabar,
Köňlünde men-menlik satyjy bolma.
Başyň göge, göwsüň ýele göterme,
Kişige gaty söz aýdyjy bolma
Soňky döwürlerde biziň Balkan welaýatymyzyň käbir ýerlerinde toý bilen ýasa tapawut goýmak hyllalla boldy.Elbetde bu hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saýasynda bol-elin durmuşda ýaşaýanlygymyzyň alamaty. Arada hormatlanylýan bir ýaşuly aradan çykdy. Naçar görgüliler petiş, yssy otaglarda saçyny ýaýyp, ýakasyny çäkläp, ses edip aglaýardylar.Teselli, pata bermäge gelen erkek göbekliler, aglabasy ýaşlar, bolsa salkyn saýada per ýassyklary tirsekläp, dürli-dümen naz-nygmatly saçaklaryň daşynda ýogyn-ýogyn gägirip, çaý süzýärdiler, nahar iýýärdiler. Iýip-içmesinler diýjek däl.Işdäleri bolsa iýip-içsinler, ýöne munyňam ýerini, ýagdaýyny bilmeli. Kanagat ýagşy, ynsap ýagşy.Ýurduny başgalan mal däl, adam. Onda-da obada sarpaly, hatyraly bende. Näme üçin şol hormatlanylmaýar, şol ýatlanylmaýar?! Hiç bolmanda şu günki erkana, şadyýan, bolçulykly durmuşymyz, terbiýeçilik ähmiýetli, il-güne bähbitli gürrüňler, öwüt-ündewler edilse-de boljak ahyry. Emma ol ýerde birek-birekden ýiten mallaryny soraýarlar, onuň-munuň gybatyny edýärler, söwda-satygyň, alyp-ýolmagyň dawasyna gyzyşyp, ýaka towlaşjak bolup oturanlar hem bardy.Hat-da ýomak atyşyp, bir-birleriniň arkasyna kakyşyp, gülüşýänler hem birki däldi. Ýaman ýeri bu ýagdaý bir ýerde, iki ýerde däl köp ýerde, köp sadakalarda gaýtalanýar. Öňem şu zeýilli ýas üýşmeleňlerinden sabyr käsäm püre-pür dolup duransoň, bu sapar çydamadym, ýaryldym:
-Başyňyza döneýin,il-gün, obadaşlar! Biziň bu oturan ýerimiz toý dabarasy, toý meýlisi däl ahyry, ýas düşegi. Ata-babalarymyza ýas düşeginde beýdip oturmandyrlar. Öteni hatyralapdyrlar, oňa gynanypdyrlar.Gynanç bar ýerinde-de, gidene peýda berip biljekişler, gürrüňler edilýär. Bizem ata-baba dessurymyzy unutmalyň,şoňa wepaly bolalyň, ýol urdurmalyň.Ýas düşen ýeriň ilen-çalanlar-a gelen mähellä näçe köp, näçe gowy iýdirip-içirip bilseler, merhumlaryna şonça haýry deger öýdýärler. Emma merhuma gerek zat ýat, aýat,doga-dileg. Bu tarhandökerlikden oňa barýan zat ýok.
Üns beriň, Magtymguly medetkärimiz näme diýýär şu hakda:
Ýashana ýerinde gülmek ýaraşmaz
Märekede soňy gelmez bet kepden,
Ondan ki bir şuwlap ösen ýel ýagşy.
Jemagat müzzerdi.Gaýdyp bolgusyz wagyrdy, şagalaň gaýtalanmady.Şondan soňra göze-başa düşýän kemeldi.
Beýik şahyry söýmegi,ondan sapak almagy kyblam atam dädem (jaýy jennet bolsun) pakyr öwredipdi.Ol wagtynda dini mekdepde okap, döwrüne görä ýetik sowatly, giň düşünjeli, dindar adamdy. Arap, latyn, kirillisa harplaryny kütgürmän okap bilýärdi. Dini kitaplary rowaýarlary, türkmeniň nusgawy şahyrlarynyň eserlerini gaty köp okaýardy.Onuň Magtymguly şahyrymyza hormat goýuşy hiç zadyň çeni-çaky däldi. Çöle düýe bakmaga gitse goş torbasynda, öýe gelse-de goltugynda beýik akyldaryň arap elipbiýinde köneje kitaby bolardy. Özüniň hem mahal-mahal goşgy goşaýmasy bardy. Agşamlarryna daşyna adam baryny üýşürip, onluk çyranyň yşygynda beýik söz ussadynyň kitabyny aýratyn dabara bilen okardy. Diňleýjileriň düşünmeýän ýerlerini özüçe düşündirerdi. Dädem pakyryň gulpagymy tasadyp ýören oglan döwrümde aýdan şu sözleri ömür-baky ýadymdan çykmaz:
-Oglum, Magtymguly diýilýän şahyr heniz görlüp-eşidilen şahyr däldir. Ol beýik Biribaryň türkmen milletine inderen gudratydyr,keramatydyr. Şony irmän oka. Şondan sapak,edep al. Bu ýagşyzada uýýan,ony hatyralaýan,ondan tälim alýan adam ogly iki dünýä ýalkanar,hor bolmaz.
Hawa, tapylgysyz söz ussadynyň eserleri mekdep, onda-da ýokary mekdep, ýokary terbiýe. Şol mekdebi çyny bilen,aňrysy bilen hatym eden adam, Dädem pakyr aýtmyşlaýyn hor bolmaz.Durmuşda öz mynasyp ornuny tapar.Oňa görä, ony okap, öwrenip, ýatlap, ýaşaýşymyza ak ýol edinip ýörsek şahyryň özünden soňkulardan eden tamasy, arzuwy ýerine düşüp, göwni bitip, öňküsinden-de has hoşal,has arkaýyn ýatardy. Keramatly şahyryň özem şony küýseýär:
Her meýlisde, söhbetde şat ediň men garyby,
Eý ýaranlar,ýat ediň haýry-dogada bizni.