SPORT

Tokio oýunlarynyň ykbaly nähili bolar?

Dünýäde koronawirus keseliniň güýjemegi sebäpli, Ýaponiýa döwletiniň ýaşaýjylary “Halkara Olimpiýa oýunlaryny” geçirmek babatynda özleriniň garşylygyny bildirdiler. Ýaponiýanyň “Asahi Şimbun” neşiri ýanwar aýynda geçiren jemgyýetçilik pikir soraşmasynda Ýaponiýanyň ýaşaýjylarynyň 80% göterimi bu ýaryşy geçirmeklige garşylygy bildiripdirler, 51% göterimi bolsa ýaryşyň senesini yza süýşürilmegini, 35% göterimi bolsa bu ýaryşy goýbolsun etmegi belläp geçipdirler.

Diňe bu döwletiň 11% göterim ýaşaýjysy ýaryşyň bellenilen senede geçirilmegini ynam bildiripdirler. Bu neşiriň jemgyýetçilik pikir soraşmalary 23-24-nji ýanwarynda geçirilipdir.

Ýaponiýanyň Olimpiýa oýunlarynyň komitetiniň ýolbaşçysy, bu oýunlary geçirmek baradaky soňky kararyň mart aýynyň ahyryna çenli gutarnykly beriljekdigini belledi. 25-nji martda bolsa Olimpiýa alaw estafetasynyň başlanmagy meýilleşdirilýär.

Tokio şäherindäki Olimpiýa oýunlary 2020-nji ýylyň 24-nji iýulyndan 9-njy awgust aralygynda geçirilmelidi, ýöne pandemiýa sebäpli ýaryşlar bir ýyl yza süýşürildi we indi bolsa 2021-nji ýylyň 23-nji iýulyndan 8-nji awgusty aralygy geçirmegi meýilleşdirilýär.

Olimpiýa oýunlary taryhda ilkinji gezek senesi üýtgedildi. Tokio – Olimpiýa oýunlary guramaçylykly geçirmek babatynda 25 milliard dollar sarp edipdirler.

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

 

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy