2021-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Türkmenabatdaky halkara howa menzilinden Russiýa Federasiýasyna nobatdaky ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.
Şol habarda bellenilişi ýaly, bu gezekki uçar sapary bilen 177 adam Russiýa gitdi. “S7” rus awiakompaniýasynyň “8536” belgili gatnawy amala aşdy.
Bu uçar gatnawy Russiýanyň ilçihanasynyň gurnamagyndaky 6-njy gatnawdyr. Ol hem 2020-nji ýylyň mart aýyndan bäri gurnalyp gelýär. Şonda Türkmenistandan tarapyndan halkara uçar gatnawlaryny amala aşyrmak wagtlaýynça togtadylypdy.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, şeýle ýörite uçar gatnawlaryny Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň utgaşdyrmagynda Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy hem amala aşyrýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýä ýurtlaryndaky COVID-19 koronawirus pandemiýasy sebäpli halkara uçar gatnawlaryny wagtlaýynça togtatmagy dowam etdirýär. Bu halkara gatnawlaryň wagtlaýynça togtadylmagy hem-de çäklendirmeler bilen baglanyşykly täze möhletler bilen baglanyşykly “Türkmenhowaýollarynyň” Russiýadaky wekilhanasy “https://turkmenistanairlines.ru/” internet saýtynda täze habar çap edilýär. Şol habardan görnüşi ýaly, COVID-19 koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly awiakompaniýanyň ähli halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagy soňky gezek 2021-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzaldylypdy.
Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!