DÜNÝÄ

Tramp: Putin bilen duşuşyga taýýarlyk görülýär

ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Donald Tramp Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşyga taýýarlyk görülýändigini belledi. Ol bu barada Florida ştatynda žurnalistler bilen geçiren duşuşygynda habar berdi.

“Fox News” teleýaýlymynyň ýaýlymyndaky habara görä,  DonaldTramp Wladimir Putin hem-de HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşyklary barada belläp geçdi.

– Putin hem duşuşmak isleýär. Biz hem taýýarlyk görýäris – diýip, Tramp Putin bilen duşuşygy barada belläp geçdi.

Tramp žurnalistleriň duşuşygyň formaty babatdaky sowalyna bolsa, munuň entek kesgitlenmelidigini mälim etdi.

ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Donald Tramp 20-njy ýanwarda kasma kabul edip, wezipesine girişer.

Related posts

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Filippinlere sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Belarusa gynanç bildirdi

BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary Halk Maslahatynyň Başlygyna hat iberdi